Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk hem-de “Rönesans Holding” kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak bilen duşuşdy.
Işewürler wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen, şeýle hem sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň açylmagynyň iki ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak we bagtyýar ömür, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi. Şeýle hem işewür Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize iberen mähirli salamyny ýetirdi.
Işewürler ata Watan Türkmenistanda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünliklere guwanýandygyny aýtdy hem-de ýetilýän bu belent sepgitleriň Milli Liderimiziň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady.
Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ýurdumyzda işleýän türk kompaniýalarynyň, hususan-da, “Çalyk Holding” kompaniýasynyň uly goşandy bellenildi. Häzirki wagtda bu kompaniýa senagat we durmuş maksatly birnäçe möhüm desganyň gurluşygyna işjeň gatnaşýar.
Gahryman Arkadagymyz kompaniýanyň ýurdumyzyň energetika pudagynda we saglygy goraýyş ulgamynda alyp barýan işleriniň möhüm ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bilelikde amala aşyrylýan taslamalarda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeleri, innowasion tehnologiýalary we ykdysady taýdan netijeli çözgütleri giňden goldaýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz “Çalyk Holding” kompaniýasynyň täze tehnologiýalary we öndürijiligi ýokary enjamlary ornaşdyrmak arkaly Türkmenistanda döwlet hem-de sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmakda mundan beýläk-de netijeli işleri geçirjekdigine berk ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň Türkmenistanda möhüm taslamalary, hususan-da, şähergurluşyk, nebitgaz we himiýa senagaty ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygyny kanagatlanma bilen belläp, kompaniýanyň işine ýokary baha berdi we toplanan oňyn netijäni nazara almak bilen, ýurdumyzyň hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny aýtdy.