JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Tatarystanda saparda bolar

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary başlanýar. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa-Yslam dünýäsi: KazanForum” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşar.

Türkmenistanyň bu foruma gatnaşmagy biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen yslam dünýäsiniň arasyndaky syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ugurlardaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň nukdaýnazaryndan möhüm ähmiýete eýedir.

Russiýa Federasiýasynyň sebitleri, hususan-da Tatarystan Respublikasy bilen hyzmatdaşlyk iki doganlyk halklary taryhy arabaglanyşyklar hem-de kuwwatly serişde-senagat mümkinçilikleri babatda aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasyndaky gatnaşyklara hil taýdan täze itergi berildi. Tatarystanyň kompaniýalary we kärhanalary bilen ykdysady, söwda we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyklar ösdürilýär. Oba hojalygy, azyk we gaýtadan işleýän senagat ugurlardaky täze mümkinçilikler açylýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň şu gezekki Kazana amala aşyrýan saparynyň çäklerinde Russiýanyň hökümetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň meýilleşdirilendigini bellemek bolar.

Türkmenistanyň Kazandaky foruma her ýyl gatnaşmagy oňa gatnaşyjylaryň arasynda uly gyzyklanma eýe bolýar.

Ýene-de okaň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynda täze döwrebap şäherçe gurlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Walentina Matwiýenkony doglan güni bilen gutlady

Britan Geňeşligi türkmen mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga goşant goşýar

Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri

Bernardo Silwa tomusda “Mançester Siti” toparyndan gider