Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen bardy. Bu barada Tatarystan Respulikasynyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.
Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäherindäki halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow garşy aldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Kazan şäherine amala aşyrýan saparynyň çäklerinde “Russiýa-yslam dünýäsi:KazanForum” halkara ykdysady forumyna gatnaşar.
“Russiýa-yslam dünýäsi:KazanForum” halkara ykdysady forumy 14-19-njy maý aralygynda Kazan şäherinde geçirilýär. 15-nji maýda forumyň esasy maksatnamasyna badalga berildi. Forum çäklerinde 12 dürli ugur boýunça 125 plenar sessiýalar geçiriler.
“KazanForum” halkara çäresi 2009-njy ýyldan bäri her ýyl Tatarystanda geçirilýär. 2023-nji ýyldan bäri Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdi bilen bu forum federal derejesine eýe boldy.
