JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýär. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam edýär. Geçen ýyllaryň dowamynda ykdysady, syýasy we beýleki ugurlarda köp işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde, ikitaraplaýyn gatnaşyklar ýokary derejä çykaryldy. Türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin dürli ugurlarda netijeli işleri alyp barýarys. Bu babatda gowy netijeleri gazanýarys diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, sport ulgamlaryndaky gatnaşyklar hem pugtalandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyplar barada edýän aladasy üçin Rustam Minnihanowa minnetdarlyk bildirip, ýurdumyzyň bu ugurdaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda şu saparyň türkmen-tatar gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüljekdigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri, Türkmenistanyň we Tatarystanyň doganlyk halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar

Täjigistanyň Prezidenti türkmen wekiliýetini kabul etdi

Ogulabat ejäniň hünäri – türkmen zenanlary üçin görelde sungat mekdebidir