JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi hem-de özbek Liderine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi.

Dostlukly döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Prezidentimize mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.

Gürrüňdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri