JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystanyna sapara bardy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow haj parzynyň däp-dessurlaryny berjaý etmek üçin Saud Arabystany Patyşalygyna sapar bilen bardy.

Ýolugra uçar Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň möçberli dabaralaryň ýokarsyndan uçup geçdi.

Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideriniň uçary Jidda şäheriniň Patyşa Abdulaziz adyndaky Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Milli Liderimizi Saud Arabystany Patyşalygynyň Jidda şäheriniň häkimi Şazada Saud bin Abdullah bin Jalawi Al Saud hem-de beýleki resmi adamlary mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri Saud Arabystany Patyşalygynyň resmi wekili bilen çaý başynda söhbet etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda dostlukly ýurduň resmi wekili Arkadagymyzy hem-de Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalaryny keramatly toprakda görýändigine örän şatdygyny nygtady we mukaddes Gurban baýramy bilen mübärekläp, zyýaratlaryň, beriljek sadakalaryň kabul bolmagyny Beýik Biribardan dileg etdi.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy