JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystanyň halkara howa menzilinde Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenow garşylady. Bu barada Gazagystanyň resmi saýty habar berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri “ŞHG+” formatyndaky sammite gatnaşýar. Bu sammit “Köptaraplaýyn dialogy güýçlendirmek – durnukly parahatçylyga we ösüşe ymtylmak” şygayr bilen ilkinji gezek geçirilýär. Oňa Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet we hökümet Baştutanlary bilen bir hatarda synçy döwletleriň ýolbaşçylary, hormatly myhmanlar we halkara guramalaryň wekilleri gatnaşýar.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky diplomaitk gatnaşyklar dostluk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýär. Ulag-üstaşyr ulgamynda bilelikdäki özara bähbitli taslamalar hereket edýär, şeýle hem gaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda giň tagallalar edilýär.

Geçen ýylyň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 563 million dollara deň bolup, 2022-nji ýyl bilen deňeşdireniňde, 28 göterim ösüş gazanyldy.

Üstümizdäki ýylyň 4 aýynda hem görnetin ösüş gazanylyp, özara söwdanyň möçberi 167.8 million dollara deň boldy.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitine gatnaşmak üçin Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş, Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Pakistanyň Premýer-ministri Şahbaz Şarif, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Kataryň Emiri Şeýh Tamim ben Hamad Al Tani, Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Mohber, BAE-niň Ras-el-Haýma emirliginiň emiri Saud ibn Sakr Al-Kasimi Gazagystana bardy.

Şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bolsa, Gazagystanda döwlet saparynda bolýar.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär