JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Mary welaýatynda çopan goşuna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Il-ýaşulysy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Onuň dowamynda welaýatyň Murgap etrabynyň “Maldar” maldarçylyk hojalygynyň öri meýdanlaryna bardy. Bu barada Halkara habarlar merkezi habar berýär.

Bu ýerde dowar yzynda gezýän kärendeçi çopan M.Ataýew özüniň ogly hem-de agtygy bilen Gahryman Arkadagymyzy mähirli garşyladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri ykbalyny asylly işe baglan çopan bilen hal-ahwal soraşdy, olaryň alyp barýan işleri, dowarlaryň ýagdaýy bilen gyzyklandy.

M.Ataýew Gahryman Arkadagymyzy özüniň çopan goşunda görmeginiň dowardarlar üçin uly mertebedigini nygtap, döwlet tarapyndan maldarlaryň işi, olaryň durmuşy barada yzygiderli alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza ähli dowardarlaryň adyndan tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol bakýan sürüsinde 550-den gowrak dowaryň bardygyny, olaryň dok we talabalaýyk gyşladylýandygyny belledi.

Kärendeçi çopan özüniň 25 ýyldan bäri çopançylyk edýändigini, her ýylda dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alýandygyny we şeýlelik bilen, maşgalanyň girdejileriniň artýandygyny uly buýsanç bilen aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginiň wajyp wezipe hökmünde kesgitlenendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz türkmen ilinde çörege aýratyn mukaddeslik hökmünde garalýandygyny belledi. Çörek durmuşyň gönezligi, ýaşaýşyň binýady. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzda çörek we çörek önümleriniň bolçulygyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Maldarçylygyň milli ýörelgeleriniň bardygyna ünsi çekip, alym Arkadagymyz sähra ýerlerinde düýe malyna aýratyn gadyr goýulýandygyny, onuň ýüňüniň, etiniň, süýdüniň, çalynyň we agaranynyň ynsan saglygy üçin tenekardygyny belledi.

Dowardarlaryň ýanynda eýesine wepaly alabaýlaryň bolmagy ykrar edilen hakykata öwrüldi. Gahryman Arkadagymyz alabaýyň adamlar bilen tiz öwrenişýändigini we eýesiniň çagalaryny, emlägini goramak ukybyna eýedigini aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň yzygiderli üns bermegi netijesinde, oba hojalyk pudagynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini belledi.

Kärendeçi çopan M.Ataýew çopan goşuna gelip, hal-ahwal soraşandygy, çopançylyk işi bilen gyzyklanandygy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi, Ataýewiň agtygy bolsa Gahryman Arkadagymyzyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly goşgusyny okap berdi.

Gahryman Arkadagymyz çopanlaryň alyp barýan işlerinde ýene-de bir ýola üstünlik arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär