Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Tani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ikitaraplaýyn görnüşde, halkara guramalaryň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Iki ýurduň abraýly halkara düzümlerde öňe sürýän başlangyçlarynyňdyr teklipleriniň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Söwda-ykdysady ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz nebitgaz, himiýa we dokma senagaty, maýa goýumlar, ulag, söwda boýunça hyzmatdaşlygyň Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlaryna öwrüljekdigini aýdyp, bu babatda bar bolan mümkinçiliklere, toplanan oňyn tejribä esaslanyp, özara bähbitli taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň gazanyljakdygyna ynam bildirdi.
Biziň halklarymyzy umumy taryh, medeniýet, däp-dessurlar, adatlar, ruhy-ahlak gymmatlyklary baglanyşdyrýar. Munuň özi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň we olaryň halklarynyň abadançylygynyň bähbidine ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini nygtady.
Mälim bolşy ýaly, 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin şanly ýyl bolup durýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan degişli Kararnama kabul edilip, şonuň esasynda 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Milli Liderimiz şu ýyly mynasyp derejede dabaralandyrmak üçin goňşy ýurtlar we halkara guramalar bilen dürli syýasy çäreleri geçirmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň belleniljek gününde — 12-nji dekabrda Aşgabatda halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçiriljekdigini aýtdy hem-de Emir Şeýh Tamim bin Hamad Al Tanini şol halkara foruma we baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga uly hormat bilen çagyrdy. Munuň özi bu çäreleriň üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant bolar.