JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Haluk Baýraktary kabul etdi

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň “Baykar Makine Sanayi ve Ticaret A.Ş” kompaniýasynyň baş müdiri Haluk Baýraktary hem-de “BMC Otomotiv San. ve Tic. A.Ş.” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Fuat Tosýalyny kabul etdi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri bilen türk işewürleriniň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, şol sanda goranmak ugry boýunça gatnaşyklar barada pikir alşyldy.

Şeýle hem duşuşygyň barşynda birnäçe ylalaşyklar gazanyldy.

Duşuşykdan soňra habarçylara beren beýanatynda Haluk Baýraktar Türkmenistana ilkinji gezek gelýändigini belläp, goranmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň mümkinçilikleri boýunça pikir alşandyklaryny belledi.

Türkiýe soňky ýyllarda goranmak ulgamynda uly ösüşlere eýe bolýar. Bu babatda toplan tejribämizi Türkmenistanyň hem goranmak ulgamyna ornaşdyrmagy maksat edinýäris, diýip Haluk Baýraktar belledi.

Haluk Baýraktar  özleriniň täze, döwrebap önümlerini ata Watanymzyda görýändiklerine örän şatdygyny aýtdy. Ol öz kompaniýasynyň Türkmenistanyň goranmak kuwwatyny artdyrmaga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny mälim etdi. Mundan başga-da, senagat we tehnologiýa babatdaky hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.

Mälim bolşy ýaly, «Bayraktar TB2» kysymly söweşjeň uçarmansyz uçarlaryň Türkmenistanyň harby ýörişlere gatnaşdyrylandygyny bellemek gerek.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri