JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri :«Emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek möhümdir

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisini geçirdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri 2024-nji ýyl üçin işlenen Maksatnamanyň takyk hasaplamalara, ýetilen sepgitlere daýanmak bilen, maliýe-ykdysady taýdan, maýa goýumlaryň maksadalaýyklygy nukdaýnazaryndan esaslandyrylandygyny belläp, onda öňde goýlan wezipelerden we maksatlardan gelip çykýan aýratynlyklar barada aýdyp, birinjiden, ykdysady, senagat, önümçilik häsiýetli maksatlara ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Çykyşynda şeýle hem hususanda şular barada belläp geçdi :

Maksatnamanyň halk bähbitli belent maksatlaryny durmuşa geçirmek bilen bagly halk maslahatlarynyň, Mejlisiň agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hökmünde biziň öňümizde hem uly wezipeler durýar.

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tassyklan Maksatnamasynda ykdysady, maliýe, durmuş, önümçilik we beýleki wezipeler bilen bir hatarda, kanunçylyk ulgamyna degişli wezipeler hem öňde goýulýar. Bu ugurda ýerine ýetirmeli işlerimiziň möhüm ugurlary barada durup geçsek, olar şulardan ybaratdyr.

1) Ýurdumyzda maýa goýumlary çekmegiň hem-de maýadarlary goramagyň we goldamagyň kanunçylyk binýadyny has-da kämilleşdirmek;

2) Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna goşulýan ýurt bolup durýandygyny nazara alyp, bu guramanyň düzgünlerine we ýörelgelerine laýyklykda milli kanunçylygy kämilleşdirmek;

3) jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna garşy hereket etmek boýunça kanunçylygy kämilleşdirmek;

4) salgydy dolandyrmak, salgytlaryň ýygnalyşynyň hilini ýokarlandyrmak babatda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek;

5) intellektual eýeçiligi goramak ulgamynyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, intellektual eýeçilik hukuklaryny döwlet we halkara derejede goramagyň kepilliklerini üpjün etmek;

6) bank amallaryny, töleg tabşyryklaryny kämilleşdirmekde sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça işleri tehnologiýalar we kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bildirilýän talaplara laýyklykda amala aşyrmak;

7) milli ykdysadyýetiň dünýä bazaryna goşulyşmagy üçin işewürlik gurşawynyň kämilleşdirilmegi, bazar ykdysadyýetinde maliýeleşdirmegiň kadalaşdyryjy hukuk esasynyň dünýä tejribesine laýyk getirilmegi;

8) ylmy barlaglaryň depginini ýokarlandyrmak, «emeli aňy» düýpli we netijeli öwrenmek, ylym, önümçilik babatda işewürligiň hem-de täjirçiligiň täze usullaryny döretmek, ösdürmek, bu ugurda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak;

9) innowasiýa ulgamynyň netijeli işlemegi üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak.

Ýene-de okaň

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi