JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Şu gün Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Çarwadarlaryň V Bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Oňa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň gatnaşmagynda Astana şäherindäki “Astana Arena” stadionynda geçirilen açylyş dabarasyna Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki birnäçe ýurduň wekilçilikli ýolbaşçylary gatnaşdy.

Türkmenistan döwletimizden 29 türgenden we 6 tälimçiden ybarat bolan Türkmenistanyň sport wekiliýeti Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar.

Astanada geçirilýän Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna 100 döwletden 4 müňe golaý türgen gatnaşýar. Olar sportuň 21 görnüşi boýunça 97 medal toplumy ugrunda bäsleşerler.

Oýunlaryň maksatlarynyň çäklerinde etniki mdeni mirasy wagyz etmek üçin ylmy maslahatlar we medeni çäreler geçiriler.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary 8-nji sentýabrda “Astana Arena” stadionynda badalga aldy we 13-nji sentýabrda “Kazanat” merkezi atçylyk toplumynda tamamlanar.

Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary geçirmek başlangyjy Gyrgyzystana degişli bolup, bu ýurtda Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlary 2014-nji, 2016-njy we 2018-nji ýyllarda geçirildi. Şeýle hem Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlarynyň 4-njisi 2022-nji ýylda Iznik şäherinde geçirildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň netijelerine bagyşlanan brifing

Paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty geçirildi

Türkmenistandan Hyrada iberilýän elektrik energiýasy 120 megawata çykaryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi geçiriler

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysy gruzin diline terjime edildi

Türkmenistanyň Mejlisinde ABŞ-nyň ilçisi bilen tanyşlyk duşuşygy