JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Türkmen halkynyň Milli Liderini BAE-niň paýtagty Abu-Dabiniň halkara howa menzilinde BAE-niň energetika ministri  Suheýl Al Mazrui we beýleki resmi adamlar garşylady. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen BAE-niň energetika ministri  Suheýl Al Mazruiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň Prezidentiniň Türkmenistan bilen işleri boýunça wekili Mohammed Said Mohammed Al Ariki bilen duşuşdy.

Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasynda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, bank we maliýe, söwda-ykdysady ugurlary türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň esasy ugurlary hökmünde görkezildi.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giň gerimde ara alyp maslahatlaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Birleşen Arap Emirliklerine sapary dowam edýär.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri