JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Aziýa ösüş bankynyň wekili Artur Andrisýagy kabul etdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow täzeçil tehnologiýa esasynda bina edilen Arkadag şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulmagy hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýagy kabul etdi.

Aziýanyň ösüş bankynyň Dolandyryjylar geňeşi tarapyndan kabul edilen hem-de Türkmenistanyň Hökümetiniň makullan 2024-2028-nji ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt hyzmatdaşlyk strategiýasy bellärliklidir. Bu bolsa ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esas goýujy resminamasy bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.

Bu strategiýa üç ugur boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi öz içine alýar. Olar howa şertlerine durnukly “ýaşyl” ykdysadyýete geçmäge ýardam bermekden; diwersifikasiýa arkaly bäsdeşlige ukyplylygy güýçlendirmekden, hususy telekeçiligi we adam maýasyny ösdürmekden; şeýle hem düzümleýin özgerişlere we institusional ösüşlere ýardam bermekden ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Hökümetiniň bu strategiýanyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi üçin Aziýanyň ösüş banky bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. Häzirki döwre çenli bu maliýe düzüminiň gönüden-göni gatnaşmagynda Türkmenistanda energiýa we demir ýol pudaklarynda iki sany taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, Aziýa ösüş bankynyň Türkmenistanyň dürli pudaklaryna umumy möçberi 12 million amerikan dollaryna barabar tehniki kömek berýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz özara gatnaşyklary ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna ünsi çekdi. Şeýlelikde, ýurdumyz ykdysadyýeti kämilleşdirmek we senagatlaşdyrmak, maýa goýumlaryny işjeň çekmek, eksport üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek boýunça alyp barýan ugruny dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, Aziýa ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmegi göz öňünde tutýarys diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti harby gullukdan boşatmak we harby gulluga çagyrmak barada resminama gol çekdi

Eýranyň ilçisi: türkmen-eýran serhedi hyzmatdaşlyk serhedi bolmagynda galýar

Türkmen halky Oraza we Milli bahar baýramynda 4 gün dynç alar

«Galkynyş» topary Bakudaky «Circus Sea Breeze» sirk arenasynda täsirli çykyşlary görkezdi

Ata Watan Eserleri

Beýkent uniwersitetinde türkmen ýaşlary üçin täze mümkinçilikler!  

Ata Watan Eserleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýda dostlukly saparda bolar