JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň Athana toplumyna bardy

Düýn ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze Athana toplumyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze toplumyň mümkinçilikleri bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde milli atşynaslyk däplerini ösdürmek, ony dünýä derejesine çykarmak ugrunda ähli zerur şertleriň döredilendigini belläp, atşynaslygyň milli ýörelgeleriniň häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylmagy babatda özüniň maslahatlaryny we öwüt-ündewlerini berdi.

Soňra ir säher bilen türkmen halkynyň Milli Lideri Hanbeg atly behişdi bedew bilen didarlaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň belleýşi ýaly, bedewleriň säher çagynda gezdirilmeginiň olaryň bedeni gurluşyna, sagdynlygyna bolşy ýaly, ýyndamlygyna-da oňyn täsiri bar. Gyş paslynyň säheri dag etekleriniň gözelligini artdyrýar. Bu ýerde amatly howa gurşawy emele geldi. Şunuň ýaly gözel görnüşi we ýakymly howasy bolan künjekde gezim etmek ruhubelentlik döredýär. Bu ýagdaý bedewler üçin hem amatly şertleriň biri hasaplanylýar.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri