Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Milli Liderimiz şäherde gurluşyk işlerine gatnaşýan dünýä belli kompaniýalaryň wekilleri bilen duşuşyp, olaryň alyp barýan işleri, öňde durýan wezipeler barada pikir alyşdy.
Milli Liderimiz bu ýerde şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi hem-de durky täzelenmegi meýilleşdirilýän durmuş we önümçilik maksatly binalaryň taýýarlanan şekil taslamalary, olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary bilen tanyşdy.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde harby we hukuk goraýjy edaralaryň Arkadag şäherindäki bölümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşdy.
Soňra Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.
Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň we Koreýa Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň iki tarap üçin hem ähmiýetli boljakdygyny we gatnaşyklaryň ykdysady taýdan bähbitlidigini aýtdy.
Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäheriň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine geldi. Halk Maslahatynyň Başlygy dünýäde meşhurlyk gazanyp, türkmen tugunyň belende galmagyna, ahalteke bedewleriniň halkara giňişlikdäki abraýynyň artmagyna mynasyp goşant goşýan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakoda geçirilen Monte-Karlo halkara sirk sungaty festiwalynda uly üstünlikleri gazanandygyny belledi. Halk Maslahatynyň Başlygy täze şäherde ajaýyp ýeňşiň şanyna tutumly toýlaryň dabaralandyryljakdygyny belläp, toparyň agzalaryna mundan beýläk-de uly üstünlikleri, ajaýyp ýeňişleri arzuw etdi.