JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewiň haýyşlary boýunça Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, täze şäherde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler bilen tanyşdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri halkalaýyn ýoluň abadanlaşdyrylyş derejesi bilen tanşyp, bu ýerde milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylmalydygyny, gurluşyk we bezeg işleriniň döwrüň ruhuna laýyk derejede ýerine ýetirilmelidigini tabşyrdy.
Gahryman Arkadagymyz şäheriň çäklerinde Aba Annaýew adyndaky şäherçäniň we Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň ýerleşýändigini nazarda tutup, şäherde ýaşaýan adamlaryň işe gelip gitmekleri, çagalaryň çagalar baglaryna, okuwçylaryň bolsa, mekdeplere bökdençsiz gatnap bilmekleri  bilen baglanyşykly meseleleriň üns merkezinde saklanmalydygyny belledi.  Şunda  duralgalar degişli ýerlerde gurulmalydyr, ýolagçylaryň amatly gatnawyny üpjün etmek maksady bilen, ýol-ulag düzümine degişli hereketleriň sazlaşygy ýola goýulmalydyr.
Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň ýokary derejede ýol-ulag düzümi döredildi.  Şäheriň  aýna ýaly köçeleriniň ugrunda döwrebap ýol belgileri ýerleşdirildi hem-de kämil yşyklandyryjylar ornaşdyryldy. Bu bolsa,  ulaglaryň şeýle-de ýolagçylaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek bilen, döwrebap mümkinçilikleriň ýola goýulandygyny görkezýär. Ulaglaryň howpsuz hereket etmekleri üçin şäheriň çäginde döredilen sanly ulgamyň aýratynlyklaryndan peýdalanylýar.
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Çagalar  sagaldyş-dikeldiş merkeziniň ulag duralgasynyň desgalarynyň talabalaýyk saklanmalydygyny, olaryň uzakmöhletleýinligine, berkligine möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu ugurda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Desgalaryň bezeg we abadanlaşdyryş işlerine birnäçe bellikleri aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň hemişelik gözegçilikde saklanmalydygyny belledi we degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna hem bardy. Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň binagärlik keşbi häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyk gelmelidir. Şunda häzirki zamanyň ösen tejribesi işjeň ulanylmalydyr. Munuň özi toplumyň binalarynyň bir bitewi sazlaşygy emele getirmeginde aýratyn ähmiýetlidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görülýär

Türkmen ýaşlary Hytaýyň we Wengriýanyň abraýly bilim edaralaryna okuwa iberiler