JEMGYÝET

Türkmen halkynyň Milli Lideri Al-Haram metjidinde Juma namazyny okady

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna sapary amala aşyrýar. Bu barada maslahat.gov.tm saýty habar berýär. 

Bu saparyň çäklerinde Milli Liderimiz şu gün Saud Arabystany Patyşalygynyň Mekge şäherindäki Al-Haram metjidinde Juma namazyny okady. Gurban baýramynyň bellenilýän günlerinde şeýle ýagşy däp-dessuryň ýerine ýetirilmeginde çuň many-mazmun bar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bilen birlikde Juma namazyna duran türkmen wekiliýeti hem-de dindarlar ýagşy doga-dilegleri etdiler. Olar türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuwlap, hemişe parahatçylygyň, agzybirligiň höküm sürmegini dileg etdiler.

«Ýagşy niýet – ýarym döwlet» diýlişi ýaly, her bir işde ýagşylyklary ýaran edinmek – işleriňde uly üstünlikleri gazanmakdyr. Milli Liderimiziň Gurban baýramynyň toýlanýan günlerinde Al-Haram metjidinde Juma namazyny okamagy döwletlilikden nyşandyr.

Ýene-de okaň

Seulda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» birinji Sammitine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň ylym we bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň ABŞ-daky ilçisi Waşingtonda ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy 

Türkmen halkynyň Milli Lideri Neda Berger bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika we howa boýunça halkara Wena forumyna gatnaşdy