BIZNES

Türkmen-german işewürlik maslahaty: köp sanly ylalaşyklara gol çekildi

GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürlik maslahaty geçirildi. Maslahata türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagy onuň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kompaniýalarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Olaryň dowamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy, özara gatnaşyklar üçin bilelikdäki tagallalary utgaşdyrmagyň möhüm ugurlary kesgitlenildi.

Türkmen-german işewürlik maslahatynyň çäklerinde iki ýurduň daşary syýasat düzümleriniň ugry boýunça, ulag-kommunikasiýa ulgamynda, şol sanda gämi gurluşygy, demir ýol ulagy ulgamynda, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak, himiýa pudagy, senagat we gurluşyk önümçiligi ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen pudagara ylalaşyklaryň ençemesine gol çekildi. Şunuň bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem-de Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň arasynda şertnamalara gol çekildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder