JEMGYÝET

Türkmen-german hyzmatdaşlygy pugtalandyrylýar

2020-nji ýylyň 26-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň we German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideokonferensiýa görnüşinde duşuşyk geçirildi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ara alyp maslahatlaşmalaryň çäklerinde German ykdysadyýetiň Gündogar komitetiniň Müdirliginiň başlygy jenap Oliwer Hermes «German ykdysadyýetiniň umumy kesgitlemesi, Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem-de pandemiýa bilen baglylykdaky dünýädäki ýagdaýlar» temasy boýunça çykyş etdi. Gepleşikleriň çäklerinde ýurdumyz bilen özara hereketleriň ileri tutulýan ugurlary we wirusyň täze görnüşiniň pandemiýasynyň öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegine ýetirip biljek täsirleri kesgitlenildi.

Duşuşygyň çäklerinde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň suw hojalygynyň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen «UMAX Trade» taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu ugurda taraplar  «UMAX Trade» tarapyndan berilen tekliplere hem-de ýurdumyzyň suw hojalyk ulgamynyň kämilleşdirilmegi, önümçilige häzirki zaman tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy nukdaýnazaryndan hyzmatdaşlygyň netijeli durmuşa geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bu babatda ileri tutýan ugurlaryna seredip geçdiler.

Taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary babatynda işjeňleşdirilmegi boýunça ylalaşdylar we bu ugurda 2021-nji ýylda Türkmenistanda indi 7-nji gezek geçiriljek GFR-niň Ykdysadyýet günleriniň geçirilmegi teklip edildi, nemes kompaniýalarynyň we türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşikleriň ýygjamlaşdyrylmagyna hem seredilip geçildi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri