JEMGYÝET

Türkmen gawunlary Dubaýda satylar

Ýakyn wagtlarda Birleşen Arap Emirlikleriniň syýahatçylyk merkezi hasaplanýan Dubaýda türkmen gawunlary satylyp başlanar. Husuan-da, “gülaby” sortly türkmen gawuny Dubaýyö söwda merkezlerinde tekjelerde öz ornuny alar.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçiliöi ýaly, “Miweli ülke” hususy kärhanasy türkmen gawunlarynyň Dubaý şäherine ilkinji eksport tapgyryny iberdi.

Bu baldan süýji türkmen gawunlary Serdar etrabynda ösdürilip ýetişdirildi. Bir gektardan ortaça 25-35 tonna gawun hasyly ýygnaldy. Gawunyň bu görnüşi ýöne ýerden saýlanyp alynmady, onuň eksport maksatly daşalmagy üçin amatly bolup durýandygy bellenilýär.

Bu gawunlary ýerüsti ulaglar bilen daşalmagy üçin 8-10 gün gerek bolar.

Mälim bolşy ýaly, “Ter önüm” hojalyk jemgyýeti tarapyndan türkmen gawunlaryň 18,5 tonnasy Awstriýa Respublikasynyň paýtagty Wena şäherine eltilipdi.

 

Türkmenistan owgan tarapy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri