Eýranyň Meşhed şäherinde türkmen-eýran işewürler duşuşygy geçirildi. Eýranyň Horosan Rezawi welaýatynyň administratiw merkezi bolan Meşhed şäheriniň söwda edarasynda geçirilen duşuşyk iki ýurduň arasyndaky söwda we maýa goýum hyzmatdaşlygyny ösdürmek hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen geçirildi.
Eýranyň neşirleriniň habar bermegine görä, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň gurnan işewürler duşuşygynda çykyş eden Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Golam Abbas Arbab Hales geljek aýda Aşgabatda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky bilelikdäki ykdysady toparyň 17-nji mejlisiniň geçiriljekdigini belledi. Bu duşuşyga gatnaşýan eýranly işewürleriň bir bölegi degişli ähtnamalary taýýarlamak işini maslahatlaşmak üçin gatnaşýandygyny aýtdy.
Ilçi öz gezeginde söwda we syýahatçylyk maksatly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edilýändigini belläp, Horosan Rezawi welaýatynyň gubernatorynyň Türkmenistana saparynyň hem meýilleşdirilýändigini belläp geçdi.
Türkmenistanyň Meşhed şäherindäki baş konsuly Ilýas Gaýypow hem öz çykyşynda Türkmenistanyň Eýranyň birnäçe goňşy welaýatlary Horosan Rezawi, Demirgazyk Horasan we Golestan bilen söwda we medeni gatnaşyklaryny giňeldendigini belledi.
– 2023-nji ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen Eýranyň ykdysady önümleriniň ýöriteleşdirilen sergisine Eýranyň 70 kompaniýasynyň gatnaşmagy, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilýändiginiň görkezijisidir – diýip, konsul belledi.
Forumyň çäklerinde birnäçe teklipler öňe sürüldi, hususan-da Türkmenistanda bilelikdäki oba hojalyk toplumlaryny döretmek, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly ugurlar boýunça pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Eýran bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda üstaşyr gatnamalar boýunça duşuşyk guramak hem-de şol duşuşykda täze bilelikdäki resminamany kabul etmek babatda taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygy bellenildi.
Horosan Rezawi welaýatynyň senagat, dag-magdan senagaty we söwda boýunça ýolbaşçysy Amireza Rajabi iki ýurduň arasyndaky 500 million dollara barabar bolan haryt dolanyşygynyň 33 göteriminiň öz welaýatynyň paýyna düşýändigini aýtdy.
Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi hem ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygidelri ýokarlanyp, geçen ýyl 55 göterim artandygyny mälim etdi.
