MEDENIÝET

Türkmen estrada ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri

18-nji fewralda «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde Rahymgeldi Kyýasow, Döwran Meläýew we Gülälek Hezretgulyýewa dagylar öz muşdaklarynyň söýüp diňleýän ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler. Bu barada Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Konsert 18-nji fewralda sagat 19:00-da başlanýar.

***

Şeýle hem, 7-nji, 8-nji hem-de 21-nji martda Halkara Zenanlar güni we Milli bahar baýramy mynasybetli türkmen estrada ýyldyzlarynyň şowhunly konsertleri geçiriler.

7-nji martda estrada ýyldyzlary Serdar Çaryýew we Döwran Meläýew çykyş eder.

8-nji martda estrada ýyldyzlary Söhbet we Sapa Jumaýewler, Döwran Meläýew dagy ajaýyp aýdymlary bilen çykyş eder.

 

21-nji martda bolsa estrada ýyldyzlary Rüstem Hallyýew we Döwran Meläýew şowhunly çykyşlary bilen muşdaklaryny begendirer.

Konsertler 7-nji, 8-nji hem-de 21-nji martda sagat 19:00-da başlanýar.

Ýene-de okaň

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri