JEMGYÝET

Türkmen emini Olimpiýa oýunlarynda eminlik eder

Lozanna şäherinde Türkmen Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýew bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) Baş direktory A.Tsogasyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşyň barşynda taraplar Türkmenistanda halkara we sebitleýin agyr atletika ýaryşlaryny geçirmek, halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda okuw maslahatlaryny gurnamak, türgenleri taýýarlamak bilen bagly meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylar hem-de bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda ylalaşdylar.

Şeýle hem Halkara agyr atletika federasiýasynyň Baş direktory A.Tsogas tarapyndan 2024-nji ýylda Pariž şäherinde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlaryna türkmen emininiň gatnaşmagy baradaky sertifikat resmi taýdan gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri