BILIM

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ug­ry:

  1. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (hü­när­ler: ykdy­sa­dy­ýet we hu­kuk; ma­li­ýe hu­ku­gy; buh­gal­ter­çilik ha­sa­ba al­ny­şy we au­dit; yk­dy­sa­dy howp­suz­lyk; dün­ýä ma­li­ýe ba­za­ry; elekt­ron işe­wür­li­gi­niň yk­dysa­dy­ýe­ti; elekt­ron tä­jir­çi­li­gi; dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti; hi­li do­lan­dyr­mak; ha­ryt­şy­nas­lyk we ha­ryt­la­ryň eksper­ti­za­sy).

Ba­ka­lawr­la­ry taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry:

  1. Yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş (taý­ýar­ly­gyň ugur­la­ry: yk­dy­sa­dy­ýet; sta­tis­ti­ka; san­ly yk­dy­sa­dyýet; ma­li­ýe me­nej­men­ti; gym­mat­ly ka­gyz­la­ryň baza­ry; ba­ha kes­mek işi; bank işi we pul do­la­ny­şy­gy; san­ly yk­dy­sa­dy­ýet­de ma­li­ýe ba­zar­la­ry we ma­li­ýe howp­suz­ly­gy; me­nej­ment; işe­wür­lik we te­le­ke­çi­lik; kär­ha­na­nyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti we do­lan­dy­ry­ly­şy; döw­let we ýer­li do­lan­dy­ryş; yk­dy­sa­dy ki­ber­ne­ti­ka; tä­jir­çi­lik; zäh­me­tiň yk­dy­sa­dy­ýe­ti we ba­za­ry; ila­tyň dur­muş üp­jün­çi­li­gi­ni gu­ra­mak; mar­ke­ting; önüm­le­riň teh­nolo­gi­ýa­sy we jem­gy­ýet­çi­lik iý­mi­ti­ni gu­ra­mak; söw­dada we lo­gis­ti­ka­da san­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar).
  2. In­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy (taýýar­ly­gyň ugur­la­ry: mag­lu­mat ul­gam­la­ry we teh­no­logi­ýa­la­ry (yk­dy­sa­dy­ýet­de we do­lan­dy­ryş­da); kompýu­ter ul­ga­my­nyň prog­ram­ma üp­jün­çi­li­gi).

Ins­ti­tu­ta Türk­me­nis­ta­nyň umu­my or­ta ýa-da or­ta hü­när bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Ins­ti­tut­da okuw­lar tö­leg­li esas­da al­nyp bar­lar.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry we­la­ýat mer­kez­le­rin­de we Aş­ga­bat şä­he­rin­de 2020-nji ýy­lyň 6-19-njy iýu­ly araly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­na­ma (an­ke­ta);

— umu­my or­ta (ýa-da or­ta hü­när) bi­lim ba­ra­da­ky res­mi­na­ma (asyl nus­ga­sy);

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi ta­ra­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­daky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rin­den, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny fo­to­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­der­çe­si­niň tas­sykla­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li ge­çen ýag­da­ýynda ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýylyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler bo­ýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­ta­nyň ýygyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mi­na­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dirýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len birlik­de res­mi­na­ma­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýç­le­rin­de har­by gullu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geç­me­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­ma­sy­ny we ýa­şaýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lan­ýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mi­na­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyzla­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek ins­ti­tut­da (Aş­ga­bat şä­he­ri) aşak­da­ky möh­let­ler­de ge­çi­ril­ýär:

Le­bap we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 22-si, 24-i we 25-i gün­le­ri;

Bal­kan we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 23-i, 24-i we 26sy gün­le­ri;

Ma­ry we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 27-si, 29-y we 30-y gün­le­ri;

Ahal we­la­ýa­ty — iýul aýy­nyň 28-i, 29-y we 31-i gün­le­ri;

Aş­ga­bat şä­he­ri — aw­gust aýy­nyň 1-2-si, 4-i we 6-sy gün­le­ri;

Da­şo­guz we­la­ýa­ty — aw­gust aýy­nyň 3-i, 5-i we 7-si gün­le­ri.

Gi­riş sy­nag­la­ry aşak­da­ky ders­ler bo­ýun­ça geçi­ril­ýär:

yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ug­ry — ma­te­mati­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, geog­ra­fi­ýa;

in­for­ma­ti­ka we ha­sap­la­ýyş teh­ni­ka­sy ug­ry — ma­te­ma­ti­ka, fi­zi­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esasyn­da ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dil­den ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de bel­le­ni­len wagt­da sy­na­ga esas­syz se­bäp­le­re gö­rä gel­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­ril­me­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça deň mukdar­da ba­ha alan­lar­dan ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— yk­dy­sa­dy hü­när­ler bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bolma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň sal­gy­sy: Aş­ga­bat ş., 1972-nji (Ata­türk) kö­çe, 73, tel.: 48-62-89, 48-62-75.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar