BILIM

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi: Talyp:2021

TÜRKMEN DÖWLET MEDENIÝET WE SUNGAT MEKDEBI

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

Býujet esasynda: 1. Kitaphanaçylyk işi. 2. Çagalar okaýşyny guramak. 3. Medeniýet öýünde režisýorlyk. 4. Aktýorlyk sungaty. 5. Höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak. 6. Ses we yşyk bilen bezemek. 7. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi. 8. Muzeý işi we ýadygärlikleri goramak. 9. Ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi. Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; — 3×4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: — şahsy pasportyny; — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny; Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebinde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Balkan welaýaty — iýul aýynyň 28- i, 29-y we 30-y günleri; Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri; Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 5-i, 6-sy we 7-si günleri; Ahal welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 10-y we 11-i günleri; Lebap welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 14-i we 15-i günleri; Mary welaýaty — awgust aýynyň 17-si, 18-i we 19-y günleri. Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: hünärler: çagalar okaýşyny guramak; kitaphanaçylyk işi; iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi; muzeý işi we ýadygärlikleri goramak; ylmyň we tehnologiýanyň maglumat üpjünçiligi — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, saýlanan hünäriň soraglary boýunça söhbetdeşlik; hünärler: medeniýet öýlerinde režissýorlyk; aktýorlyk sungaty; ses we yşyk bilen bezemek, höwesjeň halk saz gurallary orkestrini guramak — saýlanan hünär boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., Magtymguly şaýoly, 4, tel.: 27-21-22, 27-21-39.

 

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň https://www.atavatan-turkmenistan.com/ internet saýty ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalarynyň kabul edişlik tertibini saýtymyzyň “Talyp-2021” sahypasyna gelip, ýokary okuw jaýlaryna degişli ähli habarlary aňsatlyk bilen tapyp, gyzgyny bilen okap bilersiňiz. Köp sanly talyplyga dalaşgär ýaş oglan we gyzlaryň we olaryň ene-atalarynyň bu habardan “habarly” bolmagyny, şeýle hem resminamalary tabşyrmak üçin gerekli maglumatlara elýeterli bolmagyny gazanmak üçin bu habarymyzy IMO we beýleki hasaplarda paýlaşmagyňyzy haýyş edýäris.

Okap bilersiňiz  Türkmenistana täze ýolagçy gämisi getirildi

Size “habar” geler ýaly, biziň IMO hasabymyzy (+99365802470) yzarlaň, Instagram hasabymyza (@atavatanturkmen ň ýazylyň we Google Plaý Marketden şu ýere basyp ýa-da “Atavatan Türkmenistan” ýazyp mobil goşundymyzy mugt ýükläp alyň!

Diplom ykrar etmek we daşary ýurtda bilim almak boýunça Resminamalaryň Terjimesi üçin “Makul Hyzmat” Terjime Merkezi

“Makul Terjime”  telefony:

+993 63 78 96 73 & : + 993 12 96 48 55

Aşkabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni) köçesi, A Blok, Makul Hyzmat Ofis, 4-nji gat, 401

E-mail salgysy : makulhyzmat@gmail.com

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň uniwersitetleri hyzmatdaşlyk eder

Türkmenistan bilen Rumyniýa bilim ulgamynda täze ähtnam gol çekişdi

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty abraýly halkara birleşigiň agzalygyna kabul edildi

Türkmen talyplary üçin BAE-de okuw sapaklary guraldy

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Türkmenistan bilen Estoniýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrar