BILIM

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty:“Açyk Gapylar 2023”

Türkmen döwlet binagärlik- gurluşyk instituty  “Açyk gapylar” gününi yglan edýär. “Türkmenistan  gazetinde” çap edilen bildirişe görä,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 2023-2024-nji okuw ýylynda

bu ýokary okuw mekdebine okuwa girmäge isleg bildirýän orta we orta hünär okuw mekdepleriniň uçurymlary, okuw merkezleriniň diňleýjileri, harby bölümleriň esgerleri, önümçilikde zähmet çekýän ýaşlar üçin şu ýylyň 3-nji maýynda sagat 15:00-da “AÇYK GAPYLAR” gününi geçirýär.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky alyp barýan syýasatynyň institutda durmuşa geçirilişi, ýokary bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, okuwlaryň guralyşy, öwredilýän hünärler, taýýarlyk ugurlary, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze ýöriteleşdirilen okuw otaglary, aýdym-saz, tans toparlarynyň çykyşlary, sport toplumynyň işi, talyplaryň ýaşaýyş şertleri bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Baba Annanow köçesiniň

136-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

28-18-53, 28-18-05.

Halkara okuw resminamalaryň terjime hyzmaty : Makul Terjime

Daşary ýurtda  bilim almak isleýän talyplaryň resminamalaryň dogry we takyk terjime edilmegi wajyp bolup durýar. Şu maksat bilen Türkiýede we dünýäniň dürli künjeginde bilim almak isleýän talyplar halkara okuw resminamalaryň terjimesi ulgamynda ýöriteleşen “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň Aşgabat şäherindäki merkezlerine ýüz tutup bilerler.

“Makul Hyzmat”  Terjime Merkezi

Aşgabat, Oguzhan (Aýtakow)-Ankara (Ýubileýni)  köçesi, A Blok,

Makul Hyzmat Ofis, 4. gat, 401

Tel: +993 63 78 96 73 / + 993 12 96 48 55

Elektron poçta salgysy: makulhyzmat@gmail.com

Oguz han adyndaky Inžener- tehnologiýalar uniwersiteti:“Açyk Gapylar 2023”

Ýene-de okaň

Bäherden etrabynda täze çagalar bagy açyldy

Pekindäki mekdeplerde emeli intellekt boýunça hökmany sapaklar girizildi

Amerikanyň iň gowy 25 döwlet uniwersiteti: 8-si Kaliforniýadan

Ýol hereketiniň howpsuzlygy: Aşgabatda okuwçylar üçin amaly-tejribe okuwy guraldy

Ata Watan Eserleri

1-nji synp okuwçylaryna “Bilimli” atly noutbuk kompýuterler sowgat berildi

Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine halkara derejeli güwänamalar we baýraklar gowşuryldy