JEMGYÝET

Türkmen deputatlary halkara onlaýn forumlaryna gatnaşdylar

Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament Assambleýasynyň (ÝHHG PA) Merkezi Aziýa döwletleriniň parlamentleriniň wekilleri bilen geçiren wideo duşuşygyna gatnaşdylar.

Assambleýanyň başlygy Georgiý Sereteli we ÝHHG-niň bu wekilçilikli düzüminiň baş sekretary Roberto Montella parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de ösdürmegiň wajypdygyny nygtap, Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan öz kärdeşlerine ýakyn wagtlarda guraljak çäreler barada habar berdiler.

Parlamentariler COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek we ählumumy ykdysadyýeti dikeltmek boýunça çäreleri amala aşyrmagyň meselelerine garadylar. ÝHHG-niň Sekretariatynyň we institutlarynyň, bu düzümiň ýerlerdäki wekilleri öz teswirnamalaryny beýan etdiler.

Milli Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň durmuşa geçirýän, giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen syýasaty bilen baglylykda parlamentariler üçin niýetlenen maslahatlar tapgyrynyň çäklerinde birinji wideoduşuşyga hem gatnaşdylar. Şol maslahatlar COVID-19-a garşy durmak hem-de Durnukly ösüş maksatlaryna bagyşlanýar.

Ählumumy onlaýn maslahaty tutuş dünýäden halkara bilermenlerini hem-de parlamentarileri çekmek arkaly BMG-niň Parlamentara birleşigi hem-de durnukly ösüş ulgamynda meseleleri çözmek baradaky ulgamy tarapyndan “Parlamentariler ählumumy maksatlara ýetmek ugrunda” atly täze başlangyç bilen bilelikde geçirilýär.

Köptaraplaýyn duşuşyga gatnaşyjylar pandemiýa koronawirusyna garşy göreşmegiň öňdebaryjy usullaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

 

Ýene-de okaň

Araş, Mot we Semicenk Aşgabatda Täze ýyl konsertlerini bererler

Türkmenistanda 2026-njy ýylyň ilkinji sergisi – türk eksport harytlarynyň sergisi

“Napoli” Italiýanyň Superkubogyny gazandy

Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» kitabyň azerbaýjan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy geçirildi

Putin: Russiýa 2026-njy ýylda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmegine goldaw bermäge taýýar

Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň resmi däl sammitine gatnaşdy