JEMGYÝET

Türkmen biologlary ýerli ösümliklerden krahmal alýarlar

Mundan bir ýarym ýyl ozal döredilen Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Umumy we amaly biologiýa institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň ösümlik dünýäsini, biomateriallaryň biohimiki, fiziki-himiki düzümini, gurluşyny, iýmitlik we dermanlyk häsiýetlerini öwrenmek ýola goýuldy ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär.

Bu işler buýan kökünden glisirrizini bölüp alyp, ony kristallaşdyrmakdan, buýanyň ekstraktyndan dermanlyk süýjüleri, ýowşanyň, arçanyň, narpyzyň şypaly efir ýaglaryny, iýmit goşundylaryny, krahmal saklaýan ösümliklerden krahmal almakdan ybaratdyr.

Institutyň ylmy işgärleri tarapyndan, şeýle-de, toprak mikroorganizmlerinden oba hojalyk ekinleri üçin bioserişde hasaplanýan trichodermanyň gury biomassasy alyndy. Bu bioserişde ösümlikleri kesellerden, ýagny olaryň kökünde döreýän fuzarioz kök çüýreme keselinden goramak we oňa garşy göreşmek işlerini ýerine ýetirýär. Ol diňe bir gorag çärelerinde ulanylman, toprak ekişe taýýarlanylanda, dürli ösümlik galyndylarynyň dargamagyna, organiki maddalaryň ýeňil özleşýän görnüşe geçmegine-de getirip, uly kömek edýär.

Şu ýylyň maý aýynda institutyň ylmy işgärleri hem-de uniwersitetiň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda sanly onlaýyn-wideoaragatnaşyk arkaly meýdan tejribe-okuw sapaklary guraldy. Sapaklarda daglyk, çöllük, şeýle-de derýa ýakalarynyň ekologiýasy we ösümlik baýlyklary, olaryň düzümindäki fitohimiki maddalaryň hojalyk bähbitli häsiýetleri hem-de gerbariý nusgalyklarynyň taýýarlanylyşy barada giňişleýin gürrüň berildi.

Ýene-de okaň

“Terra-News”: Makul Sözlük Rus metbugatynda

Ata Watan Eserleri

“Vestiabad”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“UssatNews”: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

TMCARS: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

Ata Watan Eserleri

Halkara Habarlar Merkezi: Makul Sözlük Türkmen metbugatynda

“Orient TM”: “Makul Sözlük” türkmen metbugatynda