SIZDEN GELENLER

Türkmen bedewi arzuwlar belentligi

Türkmenistanda her ýyl aprel aýynyň ahyrynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dürli çäreler geçirilýär. Munuň özi biziň şöhratly ata-babalarymyzyň dünýä peşgeş beren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklarynyň örän uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar.

Ahalteke tohum atlary halkymyzyň ägirt uly baýlygy hem-de buýsanjydyr. Bedewleriň taryhy ençeme müňýyllyklardan gözbaş alýar. Türkmen seýisleri atlary kämilleşdirmek bilen, ýelden ýüwrük bedewleriň täsin aýratynlygyny aýawly saklap, toplanan tejribäni hem-de bilimleri nesillerden-nesillere geçiripdirler. Ahalteke bedewleriniň öwşün atýan reňki, syrdamlylygy, seýkin basyp ýöreýşi, ýyndamlygy hem-de çydamlylygy atşynaslaryň we halk seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesiniň netijesidir.

Hakykatdan hem türkmen bedewleri wasp edilmäge mynasypdyr we olar görenleri haýran galdyrýar.

Gadymy döwürlerde dörän atlary bezemek däbi hem mähriban halkymyzyň bedewlerini çäksiz söýýändiginiň hem-de olara mähir bilen garaýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Öňki döwürlerde şeýle bezegler goranyş wezipesini hem ýerine ýetiripdir we gözden-dilden goramagyň serişdesi bolup hyzmat edipdir. Häzirki döwürde bu ajaýyp däpler häzirki zaman ussatlarynyň zehinli işlerinde öz beýanyny tapýar. Olaryň taýýarlaýan owadan, inçelik bilen ýasalan bezeg şaý-sepleri ahalteke bedewleriniň asylly keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar hem-de olaryň gözelligini açyp görkezýär. Bedewleriň şay-seplerine degişli zatlaryň ahlisi bolsa milli medeniyetde hazirki gunlere cenli hem saklanyp galypdyr. At esbaplaryny gymmat bahaly metallar we tebigy daşlar bilen gaygyrman bezap, at eýeleri

bedewleriň üstüne atmak üçin elde dokalan keçe, haly we yüpek önümlerini giňden ulanypdyrlar.

Uýan – jylaw bilen birlikde atyň kellesine geýdirilýär, ol aty dolandyrmagy, ony gerekli ugra gönükdirmegi, aty saklamagy üçin gerekdir.

Gaş – at eýeriň öňündäki tommarçak, şonuň ýaly-da eýeriň yzky aýlaw görnüşli ýeri, eýeriň gaşy dürli kümüş şaýlar, çüýler bilen bezelýär.

Guşgun – atyň eýeriniň öňe süýşmezligi üçin, guýrugyň aşagyndan geçirilýän, ýüzüne her hili guş gözi ýaly ownuk kümüş şaýlar berkidilen, demir tokaly gaýyş.

Depirgi – atyň üzeňňisi gaýyş üzeňňi bagy bilen.

Golaň – uzak wagtlap durmaly bolanda, keçeleri agdarmazlyk üçin eýersiz çekilýän çeki. “Türkmen diliniň sözlüginde” bu sözüň başga manysy berlipdir. Öýüň gamyşynyň daşyndan aýlanýan 25-30 santimetr inlilikdäki ýörite dokalan galyň mata.

Ganjyga – ýüňden örülen iki sany ýüp. Ol hem eýere berkidilýär. Munuň hyzmaty atyň keçelerini daňyp alyp gitmek üçindir ýa-da bökdergi berkitmek üçindir.

Çeki – eýer bilen birlikde adamyň aýagyny sazlaýar, atyň eýeriniň üsti bilen döşüniň aşagyndan aýlanyp alynýan gaýyş. Çekiniň ildirgiçli mis halkasyna çeki toka diýilýär. Çeki toka köplenç ýarym aýlaw görnüşinde bolýar. Çeki tokadan başga hem ýerleşýän ýerine görä aýyl toka we üzeňňi toka bolýar. Aýyl toka atyň çekisini, üzeňňi gaýyşynyň ujuna ýarym aý görnüşinde dakylýan demir halka. Üzeňňi toka eýer bilen üzeňňini birleşdirýän gaýyş çekiniň demir ýa-da misden ýasalan ildirgiçli tokasy. Toka arkaly üzeňňi gaýşy uzaldylýar ýa-da gysgaldylýar.

Içirgi – eýeriň aşagyndan atyň arkasyna salynýan keçe. Atyň hemişe münülýändigini göz öňünde tutup, onuň tenine zeper ýetmezligi, üşemezligi, Günden, çybyn-çirkeýden goramak üçin keçeden edilen birnäçe eşikleri ýapypdyrlar. Eýeriň aşagyndan goramak üçin keçe – biri kiçijik, beýlekisi oňa görä ulurak içirgi edipdirler. Bu içirgiler goýnuň ak ýüňünden edilýär.

Köýnekçe – juluň bezeg üçin edilen bir görnüşi.

Atkeçe – atyň üstüne ýapylýar. Iki dürli bolýar. Bürene keçe boýy 18 garyş, ini 10 garyş bolup, at hereketsizkä üşemezlik üçin salynýan keçedir. Müngi keçe boýy 12 garyş, ini 6 garyş bolup, aty sowukda basyryp münmek üçin edilen keçedir.

Gaş – atyň üstünde oturmak üçin enjam bolan eýeriň ýapyşmak üçin tutalgasy. Şol gaşa hem kä halatda altyn-kümüş çaýylypdyr, gymmatbaha daşlar oturdylypdyr.

Göwüs bent – atyň göwsüne dakylýan gülýaka menzeş bezeg şaýy. Ol kümüşden ýasalyp, ýüzüne gyzyl çaýylypdyr, gymmatbaha daşlardan gaş goýlupdyr.

Doga bagy – atyň boýnuna dakylýan, käte ýüplükden çitilip dokalýan, käte gaýyşdan ýasalyp, daşyna altyn, kümüş, gymmatbaha daşlar oturdylan bezeg esbaby.

Maňlaýlyk – atyň maňlaýyna dakylýan bezegi. Gaýyşdan ýasalyp, ýüzüne altyn çaýylan kümüş dakylypdyr. Tegelek süýnmek görnüşlerde bolupdyr.

Alagaýyş – bedew atlaryň iň esasy bezeg esbaplarynyň biri. Alagaýyş bolanda adyndan belli bolşy ýaly atyň uýanyndan başlap, ýantanapyna çenli gaýyşdan ýasalyp, şol gaýyş hem birsydyrgyn ýygylykda kümüşden halkalanyp çykylýar.

Nal – ýumşak metaldan ýasalýar. Nallar atyň toýnagyny şikesden goramak üçin gerekdir. Şeýle hem nallar atyň dogry ýöremegine ýardam edýär

Eýer – atyň iň esasy esbaplarynyň biridir. Atyň üstünde adam oturmak üçin ata salynýan esbap. Häzirki wagtda türkmenlerde dürli eýerler – türkmen eýeri, çapuw eýeri, ors eýeri, gaňňa eýer we beýlekiler ulanylýar.

 

Döwran Ýagşygeldiýew

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

“Türkmen  Maglumat”: Türkmen dilindäki maglumatlaryň jemlenen ýeri  

 

Ýene-de okaň

Baş maksat – ynsan saglygy

Sagdyn durmuş – sagdyn ýaşaýyş

Şöhratly taryhymyzyň beýany

Saglygymyz özümize bagly

Ata Watan Eserleri

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury