BIZNES

«Türkmen aýna önümleri» kärhanasynyň guwandyryjy üstünlikleri

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Gökdepe etrabyndaky «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy gysga wagtda pudagyň öňdebaryjy kärhanalarynyň birine öwrüldi. Bu kärhanada gazanylýan öňdebaryjy üstünlikler barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Bu kärhanada aýba-aý gazanylýan iş görkezijileriniň üsti täze üstünlikleri bilen ýetirilýär. Kärhananyň işçi hünärmenleriniň agzybirlikde çekýän yhlasly zähmeti netijesinde, ol ýerde «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň geçen üç aýy guwandyryjy görkezijiler bilen jemlendi. Has takygy, kärhanada ýylyň ýanwar — mart aýlarynda düz aýnanyň 1 million 385 müň 100 inedördül metri, çüýşäniň 3 müň 290,7 tonnasy öndürilip, bu babatda göz öňünde tutulan meýilnamalar artygy bilen berjaý edildi.

Mälim bolşy ýaly, «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy 2018-nji ýylda ulanmaga berildi. Türkiýäniň “Tepe Türkmen Inşaat ve Ticaret Anonim Şirketi” kompaniýasy tarapyndan gurlup ulanmaga beren bu ajaýyp senagat toplumynda dünýä standartlaryna laýyk gelýän ýüzi örtükli aýnanyň 1 million inedördül metrini, laminirlenen aýnanyň 100 müň, taplanan aýnanyň hem 300 müň, aýna paketleriniň bolsa, 400 müň inedördül metrini öndürmek göz öňünde tutuldy.

“Türkmen aýna önümleri” kärhanasynyň önümlerine sebitiň ýurtlarynda hyrydary köpelýär. Häzirki güne çenli dürli görnüşli aýnalar Özbegistan, Gazagystan, Täjigistan, Owganystan ýaly ýurtlara eksport edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Russiýada geçiriljek halkara ykdysady foruma gatnaşar

Gyrgyzystan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin ösüş maksatnamasyny kabul etdi

Türkmenistan IV Daşkent halkara maýa goýum forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

SOCAR bilen german kompaniýasy gaz satyn almak boýunça 10 ýyllyk şertnama baglaşdy

«Daýhanbank»:bank kartlarynyň sany 2 milliondan geçdi

Pileçilerimiz Watan harmanyna 2100 tonnadan gowrak pile tabşyrdy