JEMGYÝET

Türkmen aýdymçysy Çynaranyň kitaby çapdan çykdy

Türkmenistanly sungat işgäri we häzirki wagtda Türkiýe Respublikasynda bilim alýan we sungat kärini dowam etdirýän Çynaranyň ýazan kitaby çapdan çykdy. Türkiýede neşir edilen “Bir umyt ýeterlik” atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy guraldy. Kitabyň ilkinji neşiri 25 müň  tiraž bilen çap edildi. Türkmen sungat işgäri bu kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy mynasybetli beren beýanatynda şeýle diýýär: “Ähli söýgüniň başlangyjy bir meňzeşdir. Iki adam biri-birine görenden soňra olaryň arasyndaky hekaýa başlar. Ine, bu hekaýada şolaryň biridir. Şeýle-de bolsa, umyt bar bolsa, durmuş çaklamalardan has üýtgeşik bolar. Kitabyň gahrymany Eýmen Bahçeşehir uniwersitetiniň Lukmançylyk fakultetini saýlap alyp, şol ugurda-da okuwa girýär…”.

Türkiýe Respublikasyndaky Türkmenistanlylar raýdaşlyk jemgyýetiniň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy bolan Çynara golaýda “Atawatan Türkmenistan” halkara žurnaly bilen söhbetdeşlik gurap, “www.atavatan-turkmenistan.com” saýtynyň sowallaryna uly höwes bilen jogap beripdi.

Ýene-de okaň

Ugandanyň daşary işler boýunça döwlet ministriniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hytaýyň ilçisi bilen duşuşdy

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi bilen duşuşyk barada

Gazak Liderinden türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

Kristofer Wizda: «Makul» sözlük – dilleri we medeniýetleri birleşdirýär

Ata Watan Eserleri