MEDENIÝET

Türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda türkmen-amerikan kitap festiwaly geçirildi. Bu medeni çärä Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýola goýlan diplomaitk gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli guraldy.

Diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dürli çäreleriň hatarynda guralan bu medeni çärä köp sanly kitap muşdaklary gatnaşdy. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň hem çagyrylan dabarasynda ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Metýu Stiwen Klimow we Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy Altyn Kakaýewa çykyş edip, iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähmiýetini belläp geçdi.

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda mednei gatnaşyklary pugtalandyrmak iki ýurduň degişli milli medeni institutlary we kitapahanalary bilen gatnaşyklaryň ýygjamlaşýandygy bellenildi.

Şeýle hem ABŞ-nyň Ilçiniň mednei mirasy gorap saklamak boýunça gaznasynyň ýardam bermeginde Türkmenistandaky XIX asyra degişli seýrek duş gelýän kitaplaryň gaýtadan dikeltmek işleriniň geçirilendigi uly buýsanç bilen bellenildi.

Türkmen-amerikan kitap festiwalynyň çäklerinde iňlis dilindäki 18-den gowrak kitap türkmen diline terjime edilip, kitap muşdaklarynyň dykgatyna hödürlendi. Terjime edilen kitaplaryň arasynda Mark Tweniň meşhur “Tom Soýeriň başdan geçirmeleri”, Margaret Uaýz Braunyň “Gijäň rahat bolsun, Aý” ýaly kitaplary hem bar.

Festiwala gatnaşýanlaryň aglaba böleginiň ýaş oglan-gyzlar bolmagy buýsandyryjy wakadyr. Ýaş türkmenistanlylarda kitap okamaga bolan höwesiň yzygiderli artýandygy bellemäge mynasypdyr.

Festiwalyň çäklerinde “Çeper okamak” , “Iňlis dilindäki sözleri harpma-harp okamak” ýaly birnäçe gyzykly bäsleşikler guraldy. ABŞ-nyň ilçisi Metýu Stiwen Klimow “Çeper okamak” çäräsinde terjime edilen kitaplaryň birini iňlis dilinde, çärä gatnaşyjy oglanlaryň biri bolsa, ony türkmen dilinde okady.

Şeýle hem festiwalyň dowamynda birnäçe utuşly oýunlar hem oýnaldy. Kitap muşdaklaryna terjime edilen kitaplar sowgat berildi. 

 

Türkmen wekiliýeti Şweýsariýada dünýäniň iri maliýe düzümleri bilen gepleşikleri geçirdi

 

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary