Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlary üzärligiň himiki düzümi, şol sanda jemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde tüsseletmek arkaly ulanylanda, üzärlikden tüsse bilen bölünip çykýan esasy önümleriň haýsy birleşmelerden emele gelýändigini ylmy tarapdan öwrendiler. Netijede, tüsseletmäniň dowamynda ösümlikdäki garmin alkaloidiniň tüsse arkaly bölünip çykýandygy anyklanyldy. Garmin alkaloidiniň jemgyýetçilik arassaçylygy hem-de saglygy goramak çärelerinde we beýleki maksatlar üçin ulanylanda, täsiriniň bardygyny bellemek gerek.
«Türkmenistan» gazetinde habar berlişi ýaly, üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniň himiki düzümi institutymyzyň garamagyndaky ýöriteleşdirilen «Suw, toprak, howa» KAMAZ kysymly göçme barlaghanada oturdylan häzirki zaman enjamlarynyň kömegi bilen öwrenildi. Geçirilen barlag-seljerme işleriniň esasynda, üzärlik ýakylanda emele gelýän tüssäniň düzüminde ozonyň mukdarynyň adaty howada bolmalysyndan 20 esse ýokarydygy anyklanyldy. Ol howany zyýansyzlandyrmakda, agyz we akar suwlary zyýansyzlandyrmakda, patogen mikroorganizmleri, kömelekleri zyýansyzlandyrmakda, lukmançylyk gurallaryny we enjamlaryny arassalamakda (sterilleşdirmekde) hem-de adamlaryň immunitetini ýokarlandyrmakda giňden ulanylýar.
Üzärlik tüssesini netijeli peýdalanmak boýunça geçirilen ylmy-barlag we seljerme işleriniň netijesinde, adaty üzärlik ösümligini ilkinji gezek, hiç hili goşundysyz, belli bir basyş astynda dykyzlandyryp, briket görnüşine getirmek usuly işlenip düzüldi. Üzärlikden ýasalan brikedi tüsseletmek arkaly otaglary zyýansyzlandyrmak mümkindir. Briketlenen görnüşde onuň deslapky bejeriji häsiýetleri saklanyp galýar. Üzärlik ösümligini briketleşdirmek boýunça geçirilen ylmy-barlag işleriniň netijesinde, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugyndan «Üzärlik (pengamin harmala) ösümligini briketleşdirmegiň usuly» atly oýlap tapyşyň çäklendirilen patenti alyndy. Üzärligi briketleşdirmek usulynyň esasy maksady ýylyň ähli paslynda, islendik ýerde tüsseletmek arkaly, bu melhemlik ösümligiň howany tämizleýji, rahatlandyryjy, dürli ýaramaz täsirlerden goraýjy häsiýetini giňden peýdalanmakdan ybaratdyr. Dürli keselleriň öňüni almak bilen baglylykda, üzärlik briketiniň önümçiliginiň senagat derejesinde ýola goýulmagy içerki sarp edijileriň bu önüme bolan islegini doly kanagatlandyrmaga we ony daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik berer.
“Ýyldyzlar näme diýýär” –eger bu soragyň jogaby Sizi gyzyklandyrýan bolsa onda bu sahypamyzy yzygiderli yzarlaň!