MEDENIÝET

Türkmen alabaýynyň baýramyna taýýarlyk görülýär

Şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmen alabaýynyň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.

“Watan” habarlar gepleşiginde bellenilip geçilişi ýaly, dabaralaryň çäklerinde  “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny, şeýle hem sergini we halkara ylmy maslahatyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň III mejlisi geçiriler.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny dünýä ýaýmak boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy