JEMGYÝET

Türkmen alabaýlaryna bagyşlanan žurnal döredildi

Türkmenistanda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylan üstünlikleri halkara derejesinde giňden wagyz etmek maksady bilen, Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasynyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Onda çap ediljek makalalarda alabaýlary köpeltmegiň taryhy we däpleri, milli hem-de dünýä tejribesi hakynda gürrüň berler.

Bu barada 31-nji awgustda «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen assosiasiýanyň esaslandyryjy mejlisinde habar berildi.

Ýeri gelende aýtsak, «Türkmen alabaý itleri» atly milli assosiasiýa şu ýylyň maý aýynda döredildi. 31-nji awgustdaky esaslandyryjy mejlis bilen halkara derejesi berlen bu assosiasiýanyň täze neşiri Türkmenistanda we dünýäde türkmen alabaýlary bilen baglanyşykly alyp barylýan işler dogrusynda habar berer.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň we Russiýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Oraza aýy-2026 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Portugal tälimçi: “Arkadag” topary güýçli toparlaryň biridir

Mergen Orazow: Er-Riýaddaky jogap duşuşygyna çynlakaý taýýarlyk göreris

Ata Watan Eserleri

“Arkadag” – “Al-Nasr” duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini gutlady