JEMGYÝET

Türkmen alabaýlaryna bagyşlanan täze taslamalar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygynyň barşy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen taslamalar bilen tanyşdy.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birine geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary garşyladylar.

Bu ýerde döwlet Baştutanymyz milli itşynaslyk düzümini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow milli Liderimiziň tabşyrmagy boýunça taýýarlanan birnäçe taslamalary görkezdi.

  • Aşgabat şäherinde, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda gurulmagy meýilleşdirilýän türkmen alabaýlarynyň Tohumçylyk merkezleriniň baş meýilnamasy we taslamalary hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi.
  • Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Ahal welaýatynda gurulmagy meýilleşdirilýän Karantin merkeziniň baş meýilnamasy we taslamasy görkezildi.
  • Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça şu ýyl «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy döredildi, onuň Düzgünnamasy we nyşany tassyklandy. Şeýle hem onuň ýolbaşçysy saýlandy we birleşigiň gözegçilik-barlag topary döredildi.
  • Ugurdaş düzümiň döredilmegi alabaý itlerini ösdürmegiň milli mekdebiniň iň gowy ýörelgeleriniň kämilleşdirilmegini, halk seçgiçilik usullaryny we dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny ulanmak arkaly alabaýlaryň ulgamlaýyn esasda ösdürilmegini üpjün eder.
  • Şeýle hem şu ýylyň maý aýynda Ahal welaýatynda weterinar hassahananyň we öý haýwanlaryny saklamak üçin toplumyň açylyş dabarasynyň bolandygyny bellemeli.
  • Mundan başga-da, hormatly Prezidentimize alabaýlaryň heýkel şekilleriniň dürli görnüşleri görkezildi. Şolary binagärleriň we taslama düzüjileriň pikirine görä, merkezi girelgede hem-de toplumyň çäklerinde oturtmak meýilleşdirilýär.
  • Bu ýerde şeýle hem türkmen alabaý itleriniň arasynda dürli ýaryşlary geçirmek üçin niýetlenen meýdançanyň baş meýilnamasy hem-de onuň çäklerinde ýerleşjek desgalaryň taslamalary görkezildi. Olaryň hatarynda münber, sergi we türgenleşik meýdançalary, weterinar gullugy we işgärler üçin otaglar, beýleki degişli binalar bar.
  • Ahal welaýatynda hem 30 ite niýetlenen alabaýlar üçin Karantin merkeziniň gurluşygy göz öňünde tutulýar, onuň çäginde ugurdaş we kömekçi desgalar toplumy ýerleşdiriler.

Döwlet Baştutanymyz senagat we gurluşyk önümçiligi ministri, “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowa hem-de assosiasiýanyň başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowa ýüzlenip, halkymyzyň milli gymmatlygy bolup durýan alabaý tohum itlerini köpeltmegiň baý tejribesini we asyrlardan bäri ýola goýlan däplerini gorap saklamak hem-de geljekki nesillere ýetirmek boýunça wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine degişli tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz taslamalar bilen tanşyp, olar babatynda birnäçe belliklerini we tekliplerini aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Tohumçylyk we Karantin merkezleri, türkmen alabaýlarynyň arasynda ýaryşlary geçirmek üçin meýdança ähli ölçegleri babatynda bellenilen maksadyna hem-de ýokary hil häsiýetnamalaryna laýyk gelmelidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa ilkinji resmi sapary başlandy

Ata Watan Eserleri

Murat Boz Türkmenistanda konsert berer

Arsen Şahuns, Murat Boz, Gülşen Baýraktar we beýleki aýdymçylar Aşgabatda konsert bererler

Ýapon kompaniýalary Türkmenistanda täze karbamid zawodyny gurar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Owganystanda saparda boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady