«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň birinji mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, türkmen alabaýlarynyň tohumynyň seçgisi boýunça işleri giňeltmek, alabaýlaryň bu özboluşly tohumyny aýawly saklamak we köpeltmek, şan-şöhratyny dünýä ýaýmak maksady bilen döredilen birleşigiň öňünde durýan wezipeler girizildi.
Änew şäherinde Weterinar bejerişhanasynyň we öý haýwanlary saklanýan toplumyň açylyş dabarasy boldy. Bu desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen guruldy.
Mälim bolşa ýaly, 1-nji maýda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde maslahat geçirilip, onda «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň tertipnamasy tassyklanyldy, onuň ýolbaşçysy saýlanyldy hem-de gözegçilik-derňew topary döredildi.
«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow ýygnananlara ýüzlenip, alabaýlaryň türkmeniň diňe kömekçileri we ygtybarly goragçylary bolmak bilen çäklenmän, eýsem, müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň wepaly dostlary bolandygyny belledi. Bu gün olar türkmen halkynyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi bolup, biz ony aýawly saklap, ata-babalarymyzyň göreldesine eýerip, ösüp gelýän nesillere ýetirmelidiris.
Assosiasiýany döretmegiň maksady — türkmen alabaýlarynyň tohumyny, onuň beýleki itlerden tapawutly aýratynlyklaryny aýawly saklamak we ösdürmek bolup durýar.
Onuň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiziň türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de dünýä ylmynyň häzirki gazananlaryny peýdalanmak boýunça öňde goýan wezipeleri bilen baglylykda, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini aýawly saklamak we artdyrmak wezipesi durýar.
Hususy itşynas A.Ýazmyradow: Assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary
Mejlisiň çäklerinde guramaçylyk meselelerine seredildi. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygynyň orunbasary wezipesine hususy itşynas A.Ýazmyradow saýlanyldy, şeýle hem birleşigiň jogapkär kätibi saýlanyldy. Şeýle hem guramanyň düzümine täze agzalar kabul edildi. «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça bölümleri döredildi hem-de olaryň ýolbaşçylary saýlanyldy.
Assosiasiýasynyň nyşany tassyklanyldy
«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň nyşany tassyklanyp, onda hemişe wepaly dost we gaýduwsyz goragçy bolan, ýanynda özüňi arkaýyn duýup bolýan alabaýyň şekili ýerleşdirildi.
Soňra wakalar Änew şäherinde dowam etdi. Täze weterinar merkeziniň binasy bu şäheriň bir künjeginde guruldy. Açylyş dabarasyna «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy, Türkmenistanyň senagat we gurluşyk önümçiligi ministri Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Ýygnananlaryň arasynda degişli edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi, welaýatlaryň häkimleriniň orunbasarlary, ýaşlar bar.
Täze gurlan weterinar toplumyň öňündäki meýdançada sungat ussatlarynyň we döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlanýar.
Soňra «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň ýolbaşçysy çykyş edip, täze desganyň açylmagynyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda türkmen alabaýlaryna üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýändigini belledi. Munuň özi ýurdumyzda kinologiýa işiniň we itşynaslygyň döwrebap ulgamynyň kemala gelmeginiň ýene bir anyk mysalydyr.
Ata-babalarymyz daşky gurşaw bilen sazlaşykly ýaşamagyň asylly ýörelgelerini, tebigata aýawly garamagyň däplerini döretdiler hem-de bize miras goýdular. Türkmen jemgyýetiniň bu däpleri asyrlarboýy kämilleşdirilip, halkymyzyň aňynda berk ornap, häzir täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar diýip, Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Serdar Berdimuhamedow şu gün ýurdumyzda açylyp ulanylmaga berilýän hem-de janly tebigat baradaky aladanyň ýene-de bir aýdyň nusgasy bolan Weterinar bejerişhananyň ähmiýetini aýratyn belläp, onuň düzümi, şeýle hem ýene-de bir täze desga — öý haýwanlaryny wagtlaýyn saklamaga niýetlenen toplum barada aýtdy hem-de hemmeleri döwlet Baştutanymyzyň adyndan bu waka bilen gutlady.
Soňra «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow toplumyň baş girelgesine barýar hem-de ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen toý bagyny kesip, täze edarany açýar.
Şeýle hem täze toplum haýwanlara keselleriň öňüni alyş sanjymlary etmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýär, munuň özi epizodik abadançylygy üpjün etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Şonuň üçin iki gatly binanyň baş girelgesinde keselli jandarlaryň bir ýerde gabatlaşmazlygy üçin olary kabul etmek üçin toparlara bölmek işleri geçirilýär. Merkeziň şunuň ýaly oýlanyşykly gurluşy onuň her bir bölümi üçin mahsusdyr hem-de bu ýagdaý her bir ädimde duýulýar.
Ýeri gelende aýtsak, girelgede kesellän, gabarasy uly haýwanlary, mysal üçin, daýaw alabaýlary daşamak üçin uly araba goýlupdyr. Kesellän haýwanlar bu ýerden göni hünärmenleriň ýanyna eltilýär ýa-da olaryň ýagdaýy kesgitlenen bolsa, bejeriş bölümine ugradylýar. Deslapky gözden geçiriş bölüminde lukman indiki etmeli işleri kesgitleýär.
EKG-anyklaýyş we fizioterapiýa otaglary bar…
Serdar Berdimuhamedow täze merkeziň üpjünçiligi bilen tanyşlygyň barşynda döwrebap enjamlarynyň we lukmançylyk tehnikalarynyň toplumy bilen täsir galdyrýan EKG-anyklaýyş we fizioterapiýa otaglaryna baryp gördi.
Endoskopiki barlaglar otagy hereket edýär
Weterinar merkeziniň terapiýa bölüminde zerur hyzmatlary we degişli enjamlary özünde jemleýän birnäçe otaglar guruldy. Mysal üçin, Endoskopiki barlaglar otagynda «Hager» nemes şereketiniň öndüren endoskopynyň has kämil täze nusgasy bar.
EKG we UZI barlaglar otagynda ýüregiň işleýşine gözegçilik edýän stasionar hem-de ultrases anyklaýyş enjamlardan başga-da, ykjam UZI enjamy bolup, ol lukmana haýwanyň saklanýan öýünde barlag geçirmäge mümkinçilik berýär. Bu enjam hem italýan önümçiliginiň abzallarynyň kämilleşdirilen görnüşidir.
Fizioterapiýa otagy doly üpjün edilipdir
Fizioterapiýa otagy lukman üçin zerur gurallar — endoskoplar, pulsoksimetrler, otoskoplar we laringoskoplar, damarlaryň elektron simulýatory hem-de haýwanyň işjeň wagty lukmançylyk görkezijilerini almak üçin ylgam ýodajygy, dikeldiş işlerini geçirmek, mesele döreden zolaklary işläp taýýarlamak üçin enjamlar bilen üpjün edildi.
Weterinar gözden geçiriş üçin ýörite mebeller goýlan terapewtiň otagynda stomotologik enjamy, tereziler, haýwanlary daşamak üçin araba, infuzion gurluş hem-de damjalaýyn usul bilen seretmek üçin ýer, jandarlaryň gözleriniň, gulaklarynyň ýagdaýlaryny barlamak üçin abzallar we beýlekiler göz öňünde tutuldy.
Terapiýa bölüminiň diwarlary öý haýwanlarynyň gan-damar we skelet gurluşy hakynda aýdyň düşünje berýän diwarlyklar bilen bezelipdir, olar haýwanlaryň eýelerine peýdaly maslahatlary berip biler. Müşderileriň amatlylygy üçin bu bölümde weterinar dermanhanasy hem göz öňünde tutuldy, bu ýerde dürli dermanlary we beýleki serişdeleri satyn almak bolýar.
Operasiýa bölümi taýýar
Hirurgiýa, gaýragoýulmasyz kömegiň zerur bolan halatynda haýwanlary operasiýa bölümine ugradýarlar. S.Berdimuhamedow bu bölüme hem baryp gördi. Bu bölüm zyýansyzlandyryş otagdan başlanýar. Bu ýerde lukmanlaryň egin-eşiklerini öňünden arassalamak üçin niýetlenen ýuwujy maşyn, kuwwatly awtoklawlar ýerleşdirilip, operasiýa üçin niýetlenen gurallar, sargy serişdeleri, lukman halatlary zyýansyzlandyrylýar.
Jandary operasiýa taýýarlamak üçin otagda, operasiýa etmek üçin gerek bolan ýer arassalanylýar, soňra ýörite nowa ýerleşdirilýär (iri haýwanlar üçin uly wanna göz öňünde tutuldy). Sorujy şlang arkaly ýuwmak hem-de süpürip guratmak işleri hem gurnalypdyr.
Operasiýadan öňki bölümde doly arassalyk üçin lukmanyň gapyny açyp we ýapyp bilmegi üçin hirurgiýa nowa krany oturdyldy, lukman oňa elini degirmän, tirsegi bilen açyp bilýär.
Weterinar hassahanasynyň hirurgiýa bölüminde iki sany operasiýa otagy göz öňünde tutuldy. Olaryň ikisi hem ýörite enjamlar, şol sanda laporoskopiýa bilen üpjün edilip, has çylşyrymly operasiýalary geçirmek üçin ýöriteleşdirilendir.
«Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedow bu operasiýa bölümini hem gözden geçirdi. Bu ýerde haýwanlaryň öýkenlerini emeli usul bilen işledýän, olaryň ýagdaýyna: ýürek urşuna we dem alşyna, gyzgynlygyna, bedeniň kislorod bilen üpjün edilişine gözegçilik edýän abzallar bar. Operasiýa wagtynda lukmana bu görkezijilere gözegçilik etmek zerur bolýar.
Gözegçilik edilýän otagy Operasiýa tamamlanandan soň hyzmat berer
Operasiýa tamamlanandan soň, haýwan gözegçilik edilýän otaga geçirilýär. Bu ýerde haýwanlar üçin ýörite kapasalar oturdylypdyr. Soňra hünärmen haýwan narkozdan açylýança, onuň ýagdaýyna gözegçilik edýär. Haýwanyň eýesiniň özi sanjym we sargy işlerini geçirip bilmeýän bolsa, onuň islegine görä, dowamly idegi işleri geçirilip bilner.
Bulardan başga-da, toplumyň binasynyň aşaky gatynda terapiýa we hirurgiýa bölümleri, rentgen otagy ýerleşdirildi. Olar Koreýa Respublikasynda öndürilen, analog we sanly görnüşlerde işleýän enjamlar bilen üpjün edildi. Şol görnüşleriň birinjisinde plýonka çykarýan enjam bolup, oňa negatoskopda seredilýär, ikinjisi bolsa, dürli ölçegdäki şekilleri düzmäge we olary çap etmäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem şol gatda osteosintez otagy ýerleşdirilip, onda süňkleri birleşdirmek üçin gips goýmak we süňkleri ösdürmek işleri geçirilýär. Döwük-ýenjik agyr bolan ýagdaýynda, süňk böleklerini birleşdirmek üçin titan çekiji skobalar, plastinalar, ştifitler we beýlekiler ulanylýar. Bu ýerde oturdylan enjamlar işleri netijeli geçirmäge ýardam edýär.
Şondan soň islendik hassahananyň seljeriş bölegi bolup durýan barlaghana toplumy ýerleşýär. Mikrobiologiýa işleriniň ugry ýörite düzgünleriň berk berjaý edilmegini talap edýär. Şolaryň biri — barlaghana üçin niýetlenen otag kabul ediş we beýleki bölümlerden üzňe bolmalydyr. Barlaghana barmazdan öň, hünärmenler arassalaýjy otagdan geçýärler. Ol närseleri zyýansyzlandyrmak üçin niýetlenen awtoklawlaryň ikisi, ýörite el ýuwujy bilen üpjün edildi.
Barlaghananyň düzümine ätiýaçlyk reaktiwleri, gap-gaçlary, enjamlary we hojalyk esbaplaryny saklamak üçin otaglar, ýokumly serişdeleri taýýarlamak, guýmak, zyýansyzlandyrmak we saklamak üçin niýetlenen bölümler girýär. Bu ýerde işgärleriň ygtyýarynda ýokumly serişdeleriň ähli görnüşlerini awtomatik usul bilen taýýarlamak we zyýansyzlandyrmak üçin Masterclave tapgyrynyň enjamy bar. Kuwwatly magnitli garyjy gurşawyň bir häsiýetliligini üpjün edýär. Mikroprosessor kontrolleri bellenilen temperaturany saklaýar, işiň ölçegleri displeýiň ýüzüne çykarylýar.
Bulardan başga-da, bu ýerde ultra arassa suwy almak üçin enjam bolup, şonsuz barlaghananyň işini guramak mümkin bolmaýar. Bu ýerde taýýarlanylýan suwuň hilini «Arassa suwuň görnüşi» diýlip ykrar edilen Milli-Q ulgamy üpjün edýär. Bu enjamlar «Merck Millipore» fransuz kompaniýasynyň inženerleri tarapyndan işlenip taýýarlanyldy we öndürilýär. Ulgam dolandyryjy nurbatlar we displeý bilen üpjün edilip, olar programmalaşdyrylýan işiň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.
Barlaghanada zyýansyzlandyryjy otag
Barlaghana zyýansyzlandyryjy otagyň üsti bilen girilýär. Bu bölümde awtomatlaşdyrma işini «Miele Professional» german önümçiliginiň ýörite gap-gaç ýuwujy maşynlary üpjün edýär. Olar hut barlaghana enjamlary üçin niýetlenendir, ýagny örän duýgur we inçe gurluşly bolup, hatda ýekeje mikrop hem geçip bilmez. Şeýle hem bu ýerde türk önümi bolan 40 litre niýetlenen awtoklaw oturdyldy.
Barlaghana bölümi reaktiwleri, zerur bolan laboratoriýa enjamlaryny, barlag we sarp edilýän serişdeleri saklamak üçin niýetlenen otagy öz içine alýar. Şondan soň, laminar skafy bilen enjamlaşdyrylan parazitologiýa otagy gelýär. Onda zyýansyzlandyryş iş gurşawy döredilýär. Gurluş doly awtomatlaşdyrylyp, ähli görkezijileri bellige alýan datçikler bilen üpjün edildi. Alnan netijeleri okamak üçin Awstriýada öndürilýän «Microoptix» mikroskopy oturdyldy.
Bioserişdeleri barlamak üçin niýetlenen otag
Dürli bioserişdeleri barlamak üçin niýetlenen otagda «Simens» (Germaniýa) we «Apakor» (Beýik Britaniýa), «Selectra» (ABŞ) kompaniýalarynyň analizatorlary göz öňünde tutuldy. «Noriba» (Fransiýa) kompaniýasynyň gematologiýa analizatory dürli ölçegler boýunça ganyň barlagyny geçirip, iki görnüşde –doly awtomatik we ýarym awtomatik görnüşlerde, barlaghananyň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. Enjamlaryň hatarynda sowadyjy bolup, ol kesgitlenen programma baglylykda temperatura ýagdaýyny + 2-den + 8 gradusa çenli saklaýar.
Barlaghananyň hünärmenleriniň ygtyýarynda EVOS XL Core özboluşly şöhle mikroskopy bar. Wizuallaşdyrmagyň bu täze sanly ulgamy öýjükli we dokuma gurluşlarynda ulanmak üçin niýetlenendir. Onuň reňkli kamerasy we ýokary hilli optikasy ýokary takyk şekilleri berýär. Bu Türkmenistana getirilen şeýle mikroskoplaryň ikinjisi bolup, şeýle abzallaryň sany GDA-nyň giňişliginde iki-ýekedir.
Barlaghanada bakteriologiýa bölümi
Barlaghananyň ýene-de bir bölümi—bakteriologiýa bölümidir. Ol Vitek2 enjamy bilen üpjün edilip, ol belli bir mikroorganizmleriň antibiotiklere duýgurlygyny kesgitleýär. Bu bolsa, lukmana ol ýa-da beýleki ýagdaýda antibiotigi dogry seçip almaga ýardam edýär.
Enjam monitor, prosessor we printer bilen üpjün edilendir. Ol doly özbaşdak işleýän ulgam bolup, seljermeleriň birnäçesini geçirmäge mümkinçilik berýär. Monitorly mikroskopyň ýörelgesi şekile kiçi okulýarda däl-de, eýsem, gös-göni displeýde seredip, onuň ölçeglerini we takyklygyny kesgitlemekde jemlenýär.
Weterinar lukmançylygy ulgamynda durmuş we ruhy, ylym we işewürlik ugurlary boýunça özara ýakynlaşmagyň täsin nusgasy bolup durýan bejerişhananyň barlaghanalarynyň hem-de ähli bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy ýurdumyz üçin bolşy ýaly, Merkezi Aziýa möçberinde-de öňdebaryjy, maýa goýum taslamasy hökmündäki onuň derejesini tassyklaýar.
Getirilýän her bir it üçin täze weterinar bejerişhanada hasaba alyş kitapçasy açylyp, şonda onuň taryhy saklanylýar. Bu bolsa lukmana doly anamnezi ýygnamaga we anyk ýagdaýyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hasaba alynýan resminamalaryň toplumy sanly görnüşde alnyp barylýar. Gaýragoýulmasyz «Tiz kömek» gullugy hem göz öňünde tutulyp, ol it eýesiniň öýüne gitmegi bilen üpjün edilendir. Gijeki wagtda kabul edişlik bejerişhananyň binýadynda alnyp barylýar. Bu ýerde ýarawsyz öý haýwanlaryna gije-gündizleýin hyzmat edilmegi ýola goýlar. Keseliň öňüni almak üçin sanjymlar hem bejerişhananyň özünde ýörite enjamlaşdyrylan otagda amala aşyrylýar.
Bejerişhananyň binagärlik taýdan ýerine ýetirilmegi üçin bu ulgamda dünýä ölçegleriniň talaplary nazara alnyp, aýratyn taslama işlenip taýýarlanyldy. Bina girilýän ýeriniň ýanynda oňaýly awtoduralga ýerleşýär, onuň çäklerine bolsa germewler çekilip, alabaýlary gezdirmek, türgenleşdirmek üçin aýratyn meýdançasy bar. Munuň üçin dürli desgalar we goşmaça kömekçi enjamlar hem bar.
Weterinar bejerişhana, ilkinji nobatda, itler we pişikler üçin niýetlenendir. Bu ýerde haýwanlaryň bir wagtyň özünde 10-syny kabul etmek mümkin, 8 görnüşi üçin bolsa bejeriş hyzmatlary üçin şertler bar.
Weterinar bejerişhananyň işgärleri towuk, ördek we beýleki öý jandarlara hem-de haýwanat dünýäsiniň ekzotiki görnüşleriniň wekillerine hem kömek etmäge taýýardyrlar. Oba hojalyk haýwanlaryna, şeýle hem olaryň eýeleriniň islegine görä, öýlerinde hem hyzmat edilip bilner.
Bejerişhananyň işgärleriniň esasyny düzýän weterinar lukmanlar ýokary derejeli hünärmenler bolup, olar haýwanlara kömek etmegiň asylly ýörelgelerini öz maksatlary edip goýýarlar. Hünärmenleriň ählisi Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň okuw merkeziniň binýadynda täze enjamlar bilen işlemekde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.
Weterinar bejerişhanadan başga-da, bu ýerden uzak bolmadyk aralykda haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum bina edildi. Şu gün «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň başlygy S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda onuň hem açylyş dabarasy boldy.
Haýwanlary halaýan köpsanly adamlar dynç almaga ýa-da iş saparyna gitmek bilen, özleriniň öýde ýok wagtlarynda saklaýan jandarlaryny nähili gözegçilikde saklap bolar diýen mesele bilen köplenç ýüzbe-ýüz bolýarlar. Zerur üns-alada we ideg bilen seredip biljek ýakyn garyndaşlar ýa-da dostlar bolsa-da has gowy. Ýöne beýle mümkinçilik hemişe bolup durmaýar. Şunda hem öý haýwanlaryny saklaýan eýeleri üçin haýwanlara niýetlenen myhmanhanalar kömek eder.
Haýwanlary wagtlaýyn saklamak üçin toplum ýa-da olara niýetlenen myhmanhana döwlet derejesinde döredilen Türkmenistandaky şunuň ýaly edaralaryň ilkinjisidir. Toplum öý haýwanlaryny: pişikleri, itleri, guşlary we beýlekileri wagtlaýyn saklamak üçin niýetlenen toplumdyr, şeýle hem bu ýerde balyklary saklamak üçin akwarium hem göz öňünde tutulypdyr.
Serdar Berdimuhamedow binanyň içiniň enjamlaşdyrylyşyny synlamagy onuň girelgesinde ýerleşen we ajaýyp ekzotik guşlar bilen ünsüňi çekýän zoodükanyndan başlady. Bezeg we saýrak guşlaryň ösdürilip ýetişdirilmegi bu toplumyň ýene-de bir goşmaça ýöriteleşen ugrudyr. Mundan başga-da, zoodükan öý haýwanlary üçin serişdeleriň, iýmleriň dürli görnüşlerini hem-de olary saklamak üçin gerek bolan ähli zatlary hödürleýär.
Müşderiniň ýüz tutmagy ilkinji weterinar gözegçiliginden başlanýar, çünki haýwanlara niýetlenen myhmanhana diňe sagdyn haýwanlar üçindir. Hünärmen öý haýwanynyň ýagdaýyny barlanyndan we onuň saglygyny tassyklanyndan soň, jandar hasaba alynýar.
Gezdirilmegine, suwa düşürilmegine, daralmagyna, iýmitlenilmegine, mysal üçin, haýwana nähili iým berýändigine degişlilikde, eýesiniň hemme islegleri ýazylyp alynýar. Bu ýerde itleri itşynasyň türgenleşdiriş we okadyş okuwyna ýazmak mümkinçiligi hem bar. Mahlasy, owkalamaga çenli aýratynlykdaky ähli isleg-arzuwlar göz öňünde tutular.
Myhmanhananyň özi birnäçe zolaklara bölünendir. Olaryň birinjisi, guşlar (totyguşlar, sarybilbiller, saýrak guşlar) üçindir. Ol wagtlaýyn saklamak üçin kapasalary bolan hem-de nesil taýdan köpeltmek üçin ýörite enjamlaşdyrylan otagdyr. Jüýjeler üçin demir gözenekli uly jaý gurnalyp, şol ýerde ganatyna daýanyp bilýänçäler, uçmagy öwrenip bilýärler.
Bu otagyň ýanynda iýmleri taýýarlamak we saklamak üçin ot-iým saklanýan jaý ýerleşýär. Gury iýmler üçin tekjeler, guşlaryň dürli görnüşleriniň iýmit sanawyndan iýmleri, buglanyp çişirilen däne hem-de beýleki iýmleri taýýarlamak üçin bolsa, bu ýerde aşhana enjamlaşdyrylypdyr.
Ondan aňry pişikleriň we güjükleriň zolagy başlanýar. Itleri saklamak üçin niýetlenen «myhmanhana» uly, «iki otagly» jaýlaryň 20-sinden hem-de göwrümi kiçiräk bolan otaglaryň 12-sinden ybarat bolan 32 sany «otaga» niýetlenendir. Iki otagly ýerler üsti ýapyk we açyk bölümden ybarat bolup, it gapydan geçip arassa howa çykyp, güneşläp biler.
Itleriň saklanylýan her bölüminde çyg geçirmeýän düşekçesi bolan tagtadan taýýarlanan sekiler bar. Eger zerurlygy bar bolsa, saklanylýan ýere girmezden, haýwanlary iýmitlendirmek mümkinçiligi göz öňünde tutulypdyr. Çünki itler häsiýeti boýunça dürli-dürli bolýarlar, eýeleri bolmadyk halatynda bolsa, öwrenişýänçäler özge adamlara howply garamagy mümkin.
Elbetde, itleriň saklanylýan ýerlerinde arassaçylygyň hemme zerur çäreleri berjaý edilipdir. Saklanylýan uly ýerlerde itler iki-ikiden, eger olar bile ýaşamaga endik eden bolsalar, ýa-da itler güjüjekleri bilen bile saklanyp bilner. Şu ýerden uzak bolmadyk ýerde itşynasyň otagy hem bar. Toplumy döretmegiň taslamasynda grumeriň, ýagny itler üçin dellekçiniň hyzmaty hem goýlupdyr. Onuň aýratyn otagy bolup, şol ýerde itlere zerur bolan degişli hyzmatlar ýerine ýetiriler.
Öý haýwanlaryna serenjam beriş otagynyň gapdalynda suw gyzdyryjysy bolan suwa düşüriş otaglar ýerleşýär. Zoomyhmanhananyň ähli otaglary güýçli şemallandyryş ulgamy bilen üpjün edilendir, geçelgelerde bolsa, wideogözegçilik kameralary işleýär. Görnüşi ýaly, haýwanlara gije-gündizleýin gözegçilik alnyp barylýar.
Pişikleri saklamak üçin giň otag göz öňünde tutulyp, onda iki gatly bölümleriň 8-si ýerleşýär. Ýöne bu ýerde ýerleşdiriş ýörelgesi itleriňkiden tapawutlylykda başgaçadyr. Kapasalar açyklygyna galýar, saklanylýan ýeriň esasy bölegini bolsa oýun meýdançasy eýeläp, şol ýerde pişikler erkana ýaýnap, gezim edip, ylgap, oňaýly ýumşak sekilerde dynç alyp biler, haýsy biri islese, özüne ýaran ýerinde ýatyp biler.
Ýagny bu ýerde ýerleşdirilen jandarlaryň her biri kapasada gulplanyp saklanylman, öz islän ýerinde bolup bilýär. Bu erkin saklanylýan pişikhana görnüşinde bolup, eýesinden aýry wagtynda içi gysmaz ýaly özüni oňat duýmaga kömek eder.
Toplumda saklanyljak haýwanlaryň özüni oňat duýmagy babatda toplumyň işgärleri hem alada eder. Jandarlar bilen mähirli bolmak, olara ideg etmek we iýmitlendirmek şol işgärleriň wezipesine girýär. Pişikleriň saklanylýan ýerinde iýmhanasy bolup, şol ýerde olaryň eýesiniň buýurjak islendik iýmitini taýýarlap bolar. Öz jandarynyň näme isleýänini oňat bilýän eýesi pişigini myhmanhanada az wagtlyk bolmaga getiren bolsa, iýmitini ýany bilen getirip biler, eger uzak möhletlik bolsa, myhmanhana ony iýmitlendirmegiň täze ulgamyna geçirýär.
Binanyň arka tarapynyň howlusynda itler üçin kiçi seýilgäh hökmünde gezdirilýän oňaýly meýdança gurnalyp, olar şol ýerde arassa howada gezim edip biler. Şol meýdança haýat bilen bölünen türgenleşme meýdançasy birleşýär. Bu meýdança has agyrrak işler üçin göz öňünde tutulyp, onda haýwanlary türgenleşdirmek we eldekileşdirmek üçin niýetlenen päsgelçilikli ýerler bar.
Ol gulluk itleri türgenleşdirilýän we taýýarlanylýan meýdançalar bilen meňzeş diýen ýalydyr. It eýeleri bolsa, öz jandarlarynyň beden taýdan we işjeň ýagdaýda bolmagyna gözegçilik edýärler.
Päsgelçilikli ýerler enjamlardan ybarat bolup, itler şolaryň üstünden (beýikligi 1,5 metr bolan päsgelçilik, halka) böküp geçmegi, olaryň üstünden (pursler, döwlen köpri, kese sütün we beýik köpri) ýöremegi we ylgamagy we hatda olaryň aşagyndan süýrenip geçmegi öwrenýärler. Türgenleşdirmäge niýetlenen şunuň ýaly şertleriň döredilmegi harby itşynaslardan hem-de haýwanlar üçin niýetlenen daşary ýurtlardaky iň oňat myhmanhanalardan görlüp ornaşdyryldy.
Şeýle hem bu ýerde itleriň arasynda sport ýaryşlaryny geçirmek mümkin. Ol ajiliti bolup, onuň maksady itleriň päsgelçilikleri tizlik bilen aşyp geçişlerini kesgitlemekden ybaratdyr. Bu sportuň esasynda adam bilen haýwanyň arasyndaky oňat gatnaşyk, itleri ýokary hilli we düýpli eldekileşdirmek işleri durýar. Olara bolan esasy talap öz eýesiniň buýruklaryny ýerine ýetirmegini başarmagyny we islemegini gazanmakda jemlenýär.
Taslamany işläp düzüjiler toplumyň hem-de dünýä tejribesiniň hödürläp biljek köpdürli hyzmatlara bolan islegleri seljerdiler we göz öňünde tutdular. Şoňa görä-de, eýeleri öýde ýok wagty öý haýwanlaryny hünärmenleriň ygtybarly ellerinde goýup, haýwanlara niýetlenen täze myhmanhananyň jandarlara hökman ýarajakdygyna ynamly bolup biler.
Elbetde, guramaçylar haýwanlar üçin diňe bir oňaýlylyklaryň däl, eýsem, bu ýerde işlejek işgärler üçin hem iň oňat şertleriň döredilmegi barada alada edipdirler. Olaryň ygtyýarynda suwa düşülýän, dynç alynýan we durmuş otaglary bar.
Toplumyň özi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň anyk görkezmelerine laýyklykda bina edildi. Haýwanlar üçin myhmanhana gurlanda, Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň talaplaryndan ugur alyndy. Şol talaplara laýyklykda, şeýle binalar ýaşaýyş jaýlaryndan 150 metrden az bolmadyk aralykda ýerleşmelidir.
Myhmanhananyň wezipesine jandarlaryň howpsuzlygyny we oňaýly saklanylmagyny üpjün etmek, onuň gaçyp gitmek ýa-da bu ýerde bolýan döwründe şikes almak mümkinçiliginiň öňüni almak, weterinar gözegçiligi we zerur bolan ýagdaýynda weterinar kömegini bermek, haýwanlaryň öz wagtynda iýmitlenmegini guramak, arassa howada gezdirmek, saklanylanda arassaçylyk-gigiýena kadalaryny berjaý etmek ýaly wezipeler girýär.
Soňra Serdar Berdimuhamedow binadan çykanda, «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde ýetişdirilen arassa tohumly alabaýlary milli Liderimiziň adyndan Aşgabat şäherine hem-de welaýatlara, şeýle hem Içeri işler ministrligine we Döwlet serhet gullugyna sowgat berdi.
Bu ýerde ýurdumyzyň itşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallygyň nyşany hökmünde türkmen alabaýynyň saýlama tohumyndan bolan güjüjek sowgat berildi.
Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gaýduwsyz türkmen alabaýynyň dowamaty hökmünde nusgalyk boljak Pälwan atly bu güjüjek «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetine gowşuryldy.