JEMGYÝET

Türkiýede Ýaşaýan Türkmenistanyň Raýatlarynyň Dykgatyna!

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş konsullygynyň (Stambul ş.) resmi web saýtynda “Türkiýe Respublikasynyň çäginde okaýan we dürli sebäpler bilen ýaşaýan Türkmenistanyň raýatlarynyň Dykgatyna!” ady bilen bildiriş ýerleşdirilipdir. Bu bildiriş Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň web saýtynda hem ýerleşdirilipdir.

Şol bildirişi Siziň ünsiňize ýetirýäris.

Dünýäde ýiti öýken sowuklama keselini döredýän ýokanç kesel bolan COVID-19 koronawirusyň köpçülikleýin ýaýramagyny we dartgynly epidemiologiki ýagdaýyň dowam etmegini nazara alyp, bu kesele garşy göreşmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi hem-de Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan taýýarlanan şu aşakdaky çäreleri amala aşyrmagyň zerurdygy barada mälim edýäris:

  1. Azyk önüm­le­ri­niň howp­suzly­gy­nyň düz­gün­le­ri­ni ber­jaý etmeli.
    Çig we taý­ýar iý­mit üçin aý­ra­tyn ke­si­ji tag­ta­la­ry we py­çak­la­ry ulanmaly!
  2. Eti we ýu­murt­gany do­ly taýýar bol­ýan­ça, go­wy edip bi­şi­rmeli!
  3. Nahar taýýarlananda ýa-da dürli tagamlar taýýarlananda ilki bilen
    el­le­ri­ňi­zi sabyn bilen gowy ýuwmaly!
  4. Eger üs­gür­ýän bol­sa­ňyz ýa-da gyz­gy­ny­ňyz ýoka­ry bol­sa, adam­lar
    bi­len galtaşyk­dan ga­çadu­rmaly!
  5. Gyz­gy­ny­ňyz ýo­kar­lan­sa, üsgür­se­ňiz we dem al­şy­ňyz kyn­laşsa,
    müm­kin bol­du­gy­ça wagt ýi­tirmän, luk­man­çy­lyk kö­me­gi üçin ýüz tu­tmaly!
  6. Eger siz nä­sag­la­man­ka­ňyz haý­sy­dyr bir ýurt­la­ra gi­dip-ge­len bol­sa­ňyz, bu ba­ra­da luk­ma­na aýtmaly!
  7. El­le­ri­ňi­zi wagtal-wagtal sa­byn bi­len akar su­wuň aşa­gynda azyndan 20 sekund ýu­wmaly ýa-da dezinfeksiýa er­gin­le­ri bi­len tä­miz­lemeli!
  8. As­gy­ra­ny­ňyz­da we üs­gü­reni­ňiz­de ag­zy­ňy­zy hem-de bur­nu­ňy­zy
    birgezeklik salfetka bilen ýapmaly ýa-da tir­se­gi­ňi­zi epip agzy-burny ýapyp asgyrmaly ýa-da üsgürmeli! Salfetkany şol ba­da zyňmaly we el­le­ri­ňi­zi      ýu­wmaly!
  9. Gyz­gy­ny ýo­ka­ry ýa-da üs­gür­ýän adam­lar bi­len ýa­kyn gal­ta­şyk­da
    bol­mak­dan sak­lanmaly!
  10. Ýa­ba­ny ýa-da oba ho­jalyk haý­wan­la­ry bi­len go­ral­ma­dyk gal­ta­şyk­lar­dan sak­la­nmaly!
  11. Mümkin boldugyça adamlaryň köpçülikleýin üşýän ýerlerine (restoran, kafe, dynç alyş ýa-da söwda merkezler we ş.m) gitmeklikden saklanmaly!

Çeşme :

https://istanbul.tmconsulate.gov.tm/tk/news/53023

https://turkey.tmembassy.gov.tm/tk/news/53024

https://turkey.tmembassy.gov.tm/tk/news/53024

Ýene-de okaň

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi