JEMGYÝET

Türkiýede türkmen tagamlaryna uly gyzyklanma

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäheriniň Keçiören etrabynyň häkiminiň orunbasary Sabiha Akdemir hem-de durmuş işleri boýunça müdiri Buket Paker Türkmenistanyň Ankara şäherindäki ilçihanasyna baryp gördüler. Etrabyň resmi internet sahypasynda berlen habara görä, myhmanlara Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew bilen duşuşyk geçirdiler. Duşuşykda türkmen-türk gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Keçiören etrabynyň amala aşyrýan taslamalarynyň milli we halkara derejesinde uly ähmiýete eýedigini bellän Sabiha Akdemir: “Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary bilen geçirilen duşuşykda bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda doganlaşan şäherler gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ähmiýet berilýär” diýip belledi.

Şeýle hem ol Estergon türk medeniýet merkezinde türkmen tagamlarynyň täzeden ýola goýulmagy, türkmen halysy, ahalteke bedewi ýaly türkmen halkynyň baý mirasyny tanyşdyrmak maksady bilen dürli çäreleri gurnamaga gyzyklanma bildirilýändigini belledi.

Duşuşykda pandemiýadan soňra Türkmenistanyň günleri çäreleri we şuňa meňzeş dabaralary geçirilmek Türkmenistanyň örän ähmiýetli mirasynyň sergilerini gurnamak ýaly çäreler boýunça pikir alşyldy.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew Keçiören etrabynyň häkimi Turgut Altynokuň myhmany bolmaga çagyryldy.

Şeýle hem duşuşygyň ahyrynda Keçiören häkimliginiň sungat ussahanasynda ýerine ýetirilen mermer we kalligrafiýa işleri häkimiň adyndan ilçä gowşuryldy. Şeýle hem öz gezeginde myhmanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň gymmatly eserleri sowgat edildi.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

 

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň daşary işler ministri 5-nji Tbilisi Ýüpek ýoly forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-li işewürleri kabul etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistanyň ilçisini kabul etdi

“Botaş”-yň baş direktory: esasy maksadymyz – türkmen gazyny uzakmöhletleýin satyn almak

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2025″ atly 30-njy halkara maslahaty we sergisi başlady

Ata Watan Eserleri