JEMGYÝET

Türkiýede Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara geçirildi

Türkmenistanyň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabara Türkiýe Respublikasynyň Ýozgat welaýatynda geçirildi.

Ýozgat häkimliginiň Çapanogly Kentpark seýilgähinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desseleri goýuldy. Gül goýmak dabarasyna Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew, Ýozgadyň häkimi Ziýa Polat, Ýozgat şäheriniň häkimi Jelal Köse, Ýozgat Bozok uniwersitetiniň rektory Prof.Dr. Ahmet Karadag we köp snaly myhmanlar gatnaşdy.

Soňra Ýozgat Bozok uniwersiteti tarapyndan türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň 297 ýyllygy mynasybetli Erdogan Akdag Kongres we Medeniýet merkezinde maslahat geçirildi.

Maslahatda çykyş eden Ýozgat Bozok uniwersitetiniň rektory Prof.Dr. Ahmet Karadag şahyrlaryň halklary biri-birine ýakynlaşdyrýan esasy şahsyýetler bolup durýandygyny belledi. Ol Magtymguly Pyragynyň türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň biri bolup durýandygyny belledi. Rektor uniwersitet bolup, Magtymguly Pyragyny täze nesiller bilen tanyşdyrmak işine uly ähmiýet berýändikleirni mälim etdi.

Ýozgat şäheriniň häkimi Jelal Köse hem öz gezeginde Magtymguly Pyragynyň goşgularynda agzybirligi we ruhy gymmatlygy öňe sürýän beýik şahyrdygyny belläp geçdi.

Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi I.Amanlyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy hem-de “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly ähmiýete eýe bolýandygyny belledi.

Ýozgadyň häkimi ziýa Polat milletiň ýüregine täsir eden we milletiň başyndan geçirenlerini goşgy setirlerine geçiren meşhur şahyrdygyny aýtdy. Häkim Ýozgatda heýkeli bolan türkmen halkynyň beýik akyldayr Magtymguly Pyraga bagyşlanan dabaralaryň geljek ýyllarda has giň gerimde bellenilip geçiljekdigini mälim etdi.

Maslahatyň dowamynda Ýozgat Bozok uniwersitetiniň Sungat we ylymlar fakultetiniň mugallymy Dr. Mehmet Emin Gönen, Ankara uniwersitetiniň Dil, taryh we geogrefiýa fakultetiniň mugallymy Dos.Dr. Berdi Saryýew hem-de Ankara Hajy Baýram Weli uniwersitetiniň mugallymy Dr.Emrah Ýylmaz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, onuň gymmatly eserleri babatda çykyş etdiler.

Maslahatyň çäklerinde Türkmenistan barada maglumat berýän fotosuratlaryň we kitaplaryň sergisi guraldy.

 

 

“Çagalar dünýäsi” çagalar medeni-dynç alyş merkezi açyldy

Ýene-de okaň

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Türkmenistanda zenanlara Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgatlary gowşurylar

Pezeşkian: Türkmenistan bilen söwda gatnaşyklarymyzy giňelderis

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Tatarystan bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly baha berýäris

Türkmenistanyň Prezidentiniň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilen duşuşygy

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleriniň Türkiýä sapary

Ata Watan Eserleri