Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň ýolbaşçylygynda Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda koronawirus ýokanjyna garşy alnyp barylýan öňüni alyş çäreleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde alnan kararlaryň netijesinde ýurtda koronawirus pandemiýasyna garşy öňüne alyş çäreleriniň güýçlendirilmegi babatda kararlar kabul edildi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra beýanat beren Prezident Ärdogan Remezan baýramyny hem göz öňünde tutulyp, 3 hepdelik döwürde doly derejede çäklendirmeleriň güýçlendiriljekdigini mälim etdi.
Prezident Ärdogan bu öňüni alyş çärelerini durmuşa geçirmegiň maksadynyň gündelik koronawirus ýokanjy bilen keselleýänleriň sanyny 5 müňe çenli azaltmakdan ybaratdygyny belledi.
- Çäklendirmeler döwründe ýüzbe-ýüz bilim bermek togtadyldy.
- 29-nji aprel-17-nji maý aralygynda çäklendirmeleriň gerimi giňeldiler.
- 2021-nji ýylyň 29-njy aprelinde sagat 19:00-dan 2021-nji ýylyň 17-nji maýyna çenli ähli ýerler ýapylar.
- Şäherara gezelençler rugsada bagly bolar. Şäherara köpçülikleýin jemgyýetçilik ulaglary 50 göterim derejesinde hyzmat eder.
- Çagalar bagy, mekdebe çenli bilim edaralary we beýleki ähli bilim edaralarynda ýüzbe-ýüz bilim bermek işinde arakesme yglan ediler. Ähli synaglar yza süýşüriler.
- Söwda merkezleri dynç günleri ýapyk bolar, hepdäniň beýleki günlerinde bolsa belli sagatlarda açyk bolar.
- Ozalky çäklendirmelerden tapawutlylykda, myhmanhana toplumlaryndaky öňünde sargytlar köçä çykmak gadaganlygy we şäherara gatnawlardaky çäklendirmeler üçin artykmaçlyk hökmünde kabul edilmeýär.
- Döwlet edaralaryndaky işgärleriň uzagara işlemegine rugsat berler. Öýünden işleýän döwet işgärleri hem köçä çykmak gadaganlygyny berjäý ederler.
- Myhmanhanalar öňünden sargyt kabul etmegi bes ederler we berk karantin düzgünini girizerler.