Türkiýe bilen Türkmenistan arasyndaky gatnaşyklarda täjirçiligiň orny hem örän ýokarydyr. Soňky döwürlerde Türkiýede hem Türkmenistan raýatlary tarapyndan esaslandyrylan kompaniýalaryň sany barha artýar.
Öň habar berişimiz ýaly, Türkiýäniň daşary ýurtlarda amala aşyran gurluşyk işleriniň sanawynda Türkmenistan jemi 50 milliard amerikan dollary bilen Russiýadan soňra ikinji orunda durýar. Başgaça aýdanymyzda Türk gurluşyk kompaniýalary Türkmenistanda jemi 50 milliard amerikan dollaryna barabar gurluşyk gurnama işlerini amala aşyrdy.
Türkiýe bilen Türkmenistan arasyndaky biznes gatnaşyklar, iki taraply bolup, häzirki wagtda Türkmenistanda onlarça Türkiýe maýaly kompaniýalar hereket edýän bolsa, Türkiýede esaslandyrylan Türkmenistan maýaly kompaniýalaryň sany hem barha artýar. Atavatan Danışmanlık, Eğitim ve Tercüme LTD kompaniýasy tarapyndan Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň (TOBB) 2022-nji ýylyň Awgust aýyna degişli “Esaslandyrylan/Ýapylan kompaniýalar Statistik maglumatnamasy” esas alnyp taýýarlanan seljermä görä, ýylyň ilkinji 8 aýynda Türkiýede jemi 69 sany Türkmenistan maýa goýumly kompaniýa esaslandyrylypdyr.
TOBB tarapyndan 23 09 2022 senesinde halk köpçüligine ýetirilen bu maglumatnama görä, 2022-nji ýylyň Ýanwar-Awgust aýlarynda Türkiýede jemi 13 196 sany daşary ýurt maýa goýumly kompaniýa esaslandyrylypdyr.
Bu kompaniýalaryň arasynda Türkmenistan raýatlary tarapyndan esaslandyrylan kompaniýalaryň sany 69-e barabardyr. Türkmenistan raýatlary tarapyndan esaslandyrylan kompaniýalaryň jemi esaslyk maýasy 25 million Türk lirasyna barabar bolup, şol ýerde Türkmenistan raýatlarynyň paýy 21 million Türk lirasyna barabardyr.
Esaslandyryjysy Türkmenistan raýatlary bolan kompaniýalar Türkiýede täze ýagdaý däl. Hukuk ylymlarynyň doktory, hukuk maslahatçy Döwran Orazgylyjow tarapyndan 2005-nji ýylda Türkiýede neşir edilen “Milletlerarası Doğrudan Yatırımlar açısından Joint venture” atly kitapda berilýän maglumata görä, 2003-nji ýyldaky ýagdaýa görä, Türkiýede jemi 11 sany Türkmenistan raýatlary tarapyndan esaslandyrylan kompaniýa hereket edýärdi. Şol wagtdaky bu kompaniýalaryň esaslyk maýasy bolsa 1 million 271 müň Amerikan dollaryna barabardy.
Eýsem soňky 8 aýda esaslandyrylan Türkmenistan maýa goýumly kompaniýalar haýsy ulgamlarda hereket edýärler. Bu kompaniýalar önümçilik (1), gurluşyk (8), söwda (40), transport (6), myhmanhana we naharlanmak (3), maglumat we komnikasiýa (1), emläk (1), hünär (8), bilim (1) we beýleki (3) ulgamlarda hereket edýär. Türkmen kompaniýalary Stambul (67), Antalýa (1) we Bursa (1) şäherlerinde esaslandyrylypdyr. Bu kompaniýalaryň 61 sanysy limited şereket, 8 sanysy bolsa paýdarlar jemgyýetidir.
Türkiýede terjime, şeýle hem biznes we ýokary okuw ulgamynda maslahat hyzmatlaryny amala aşyrýan Türkmenistan maýa goýumly Atavatan Danışmanlık, Eğitim ve Tercüme LTD kompaniýasynyň TOBB maglumatlaryndan seljeren maglumatlaryna görä, 2013-nji ýyldan bäri jemi 443 sany Türkmenistan maýaly kompaniýa esaslandyrylypdyr. Olaryň ýyllar boýunça sanawy 2013-nji ýylda 29, 2014-nji ýylda 32, 2015-nji ýylda 28, 2016-nji ýylda 46, 2017-nji ýylda 38, 2018-nji ýylda 48, 2019-nji ýylda 55, 2020-nji ýylda 50, 2021-nji ýylsa 48 we 2022-nji ýylyň ilkinji 8 aýynda bolsa 69 sanydyr.
Türkmenistan maýaly kompaniýalar, Türkiýäniň biznes bazarynda öz ornyny barha berkitýär we Türkiýäniň zähmet bazaryna öz goşandyny goşýar. Bellemeli zat, global biznes ulgamynda Türkmenistan maýaly kompaniýalaryň işjeňligi barha artýar, diňe bir Türkiýede däl, eýsem dünýäniň onlarça ýurdunda Türkmenistan raýatlary maýa goýum amallaryny amala aşyrýar.
Sanawdaky Özyegin Uniwersiteti Türkmen talyplaryna “talyp haky†hödürleýär!