DÜNÝÄ

Türkiýede 7 günlük milli matam yglan edildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýe Respublikasynda güýçli ýer titreme zerarly giň möçberli weýrançylyklar emele geldi.

Ýurduň günorta-gündogaryndaky Kahramanmaraş welaýatynda bolup geçen Rihter ölçegine görä, 7,7 ululygyndaky ýer titreme ýurduň 11 welaýatynda, şeýle hem Türkiýäniň goňşy ýurtlarynda öz täsirini ýetirdi.

Bu pajygaly tebigy betbagtçylyk sebäpli Türkiýe Respublikasynda 7 günlük milli matam yglan edildi. Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýyp Ärdogan Türkiýede bolup geçen ýer titremeler sebäpli 7 günlük milli matam yglan edilendigini mälim etdi.

Prezident Ärdogan milli ýas sebäpli 12-nji fewral ýekşenbe güni günüň batýan wagtyna çenli Türkiýede we Türkiýäniň daşary ýurtlardaky wekilhanalarynda ýurduň baýdagy aşak düşüriljekdigini mälim etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we köp sanly dünýä ýolbaşçylary Prezident Ärdogana gynanç hatyny iberdi.

Ýene-de okaň

Indoneziýadaky suw joşgunlarynyň ýetiren zyýan $4 mlrddan geçip biler

Gazagystan bilen Ýewropa Bileleşigi wiza düzgünini ýeňilleşdirer

Wladimir Putin Hindistana döwlet sapary bilen bardy

Ýaponiýa-Merkezi Aziýa sammiti dekabrda Tokioda geçiriler

Türkmenistanyň we Somaliniň daşary işler ministrleriniň telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ilçisi BAE-niň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy