DÜNÝÄ

Türkiýe ýakynda çäklendirmeleri ýatyrar

17-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinden soňra Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurtdaky çäklendirmeler bilen bagly käbir hoş habarlary berdi. Prezidentiň aýtmagyna görä, bu çäklendirmeler ýurduň etraplaryndaky koronowirus wakalarynyň azalmagy bilen tapgyrlaýyn ýatyrylar.

Döwlet Baştutany mundan beýläk ýurduň Saglyk ministrligi tarapyndan etraplaryň koronowirus wakalary bilen baglylykda dört topara bölünjekdigini habar berdi. Olar pes, orta, ortadan ýokary we ýokary toparlary bolar. Şol toparlara görä hem, çäklendirmeler barada ilkinji ýeňillikler mart aýynda berlip başlanar.

Ýeri gelende aýtsak, Türkiýede 30-njy noýabrdan bäri her hepdäniň dynç günlerinde köçä çykmak boýunça çäklendirmeler hereket edýär. Prezident ýurtdaky restoranlardyr kafeleriň gaýtadan işläp başlamagyny hem koronowirus wakalarynyň azalmagy bilen baglanyşdyrdy. Wakalaryň azalan etraplarynda olar ýakynda işläp başlarlar.

 

Meşgullanýan sport görnüşi: ýeňil atletika

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com   saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýetiniň Germaniýada geçiren duşuşyklary

Ata Watan Eserleri

Germaniýanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň ministrlerini kabul etdi

Türkmenistan “Germaniýa-Merkezi Aziýa” daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär

Türkiýäniň Ministrler Kabinetinde käbir üýtgeşmeler boldy

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi