JEMGYÝET

Türkiýe halkara gatnawlara başlaýar

Türkiýäniň Türkhowaýollary kompaniýasynyň baş müdiri Bilal Ekşi  koronawirus ýokanjy sebäpli togtadylan halkara uçar gatnawlary barada özüniň “Twitter” jemgyýetçilik torundaky hasabyndan beýanat bilen çykyş etdi. Türk metbugatyndaky habarlara görä, ol şol çykyşynda Türkhowaýollary kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolan “AnadoluJet” awiasiýa şereketiniň 11-nji iýundan başlap, daşary ýurtlara gatnawlary ýola goýjakdygyny mälim etdi. Bu barada jikme-jik maglumatlary “AnadoluJet” awiasiýa şereketiniň resmi internet sahypasyndan hem maglumat almak bolar.

“AnadoluJet” awiasiýa şereketiniň resmi internet sahypasyndaky beýanatynda şeýle diýilýär: “Biz hem sizler bilen syýahat etmegi küýsedik. Koronawirus ýokanjy sebäpli ençeme wagtdan bäri emele gelen näsazlyklardan soňra täzeden asman giňişligine göterilýäris”.

Şeýle hem koronawirus epidemiýasy sebäpli öňüni alyş çäreleriniň gowşadylmagy bilen 11-nji iýundan başlap, halkara gatnawlara başlanjakdygy, ýerli we halkara saglygy goraýyş düzümleri bilen bilelikde amala aşyrylan işleriň netijesinde uçar gatnawlarynyň has howpsuz hem-de ygtybarly bolmagy ugrunda tagalla edilendigi mälim edildi.

Bu şereket  Stambuldaky Sabiha Gökçen howa menzilinden Amsterdam, Dusseldorf, Frankfurt, Berlin, Mýunih, London, Brýussel, Wena ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy şäherlerine gatnawlary ýola goýmagy maksat edinýär.

Ýene-de okaň

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar

«Galkynyş» topary Azerbaýjanda çykyş etdi

«Talyp gözeli-2026» atly gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi belli boldy

Ata Watan Eserleri

Mariýa Zaharowa: Eýrandaky rus raýatlaryny üstaşyr geçirmekde Türkmenistanyň ägirt uly kömegi bar

Türkmenistan Eýrandan gelen 16 ýurduň raýatlaryny kabul etdi

17 ýurduň raýaty Türkmenistanyň üsti bilen Eýrandan öz ýurduna barar