SPORT

Türkiýäniň zenanlar ýygyndysy Ýewropanyň çempiony boldy

Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy Ýewropa ýurtlarynyň birnäçe tarapyndan guralan woleýbol boýunça Ýewropa çempionatynyň çempiony boldy. Final duşuşygynda Türkiýäniň ýygyndysy Serbiýanyň ýygyndysyny 3:2 hasabynda ýeňmegi başardy.

“Filenin Sultanlary” diýlip atlandyrylýan Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy şu ýylyň dowamynda 2-nji uly ýeňşini baýram etdi.

Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy taryhynda ilkinji gezek  Ýewropanyñ çempiony boldy.  Türk zenan türgenleriñ bu halkara ùstùnligi türk halk köpçüligi tarapyndan Türkiýäniň Garaṣsyzlyk bayramynyñ 100 ÿyllygyna uly sowgat hökmünde kabul edildi.

Türkiýäniň woleýbol boýunça zenanlar ýygyndysy  FIVB Milletler ligasynda hem ýeňiji bolmagy başarypdy.

Türk zenanlar ýygyndysy Ýewropa çempionatynyň ähli duşuşyklarynda ýeňiş gazanyp, ýeňilmän çempion bolmagy başardy.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirilen final duşuşygyny Türkiýäniň ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak hem tomaşa etdi. Şeýle hem bu sport toplumyndaky duşuşygy tomaşa edenleriň hatarynda ozalky daşary işler ministri Mewlür Çawuşogly hem-de meşhur türk aýdymçysy Tarkan hem bardy.

Ýene-de okaň

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler

Türkmen küştçüleri Buharada üstünlikli çykyş etdiler