MEDENIÝET

Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri başlady

Ozal habar berşimiz ýaly, şu ýylyň 18 — 20-nji noýabrynda Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri geçirilýär.

Taryhy we däp-dessurlary umumy bolan Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy gumanitar hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Täze taryhy eýýamda medeniýet, bilim, ylym ýaly wajyp ähmiýetli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk hil taýdan täze many-mazmuna eýe boldy. Iki ýurduň alymlary Türkmenistanda we Türkiýede geçirilýän ylmy maslahatlara işjeň gatnaşýarlar, sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsertler, iki halkyň Medeniýet günleri we amaly-haşam sungatyna degişli sergileri yzygiderli guralýar.

Ynha bu gezek paýtagtymyz Aşgabatda we Türkmenabat şäherlerinde Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleri badalga aldy.

Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň we ebru sungatynyň eserleriniň sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Onda Türkiýe Respublikasyna mahsus bolan bu döredijilik sungaty barada giňişleýin gürrüň edildi.

Dabara Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet ministrliginiň kömekçisi Nadir Alparslan, Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçisi Togan Oral, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi Metýu Klimow we köp sanly myhmanlar gatnaşdy.

Amaly-haşam sungatyna sarpa goýýanlarda  “ebru” usulynda çekilen suratlar uly gyzyklanma döretdi. Kagyzy gaýtadan işlemegiň gadymy sungaty bolan “ebru” boýunça ussatlyk sapaklary uly gyzyklanma eýe boldy.

Suratkeş Hikmet Barutçugil sungat ussadynyň sergä gatnaşyjylara suwuň ýüzünde surat çekmegiň esasy tilsimlerini görkezip, haýran galan tomaşaçylaryň gözüniň alnynda şeýle eserleriň birnäçesini döretdi.

Sergide daşary ýurtly myhmanlar hem “ebru” sungatynyň tilsimlerini barlap gördüler.

Şeýle hem Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäklerinde şu gün agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde türk artistleriniň konserti bolar.

Onuň maksatnamasyna Enwer Merally, Fulva Arat, Seher Çelik we Hamdiýe Efeogly ýaly aýdymçylaryň çykyşlary girizildi. Mundan başga-da, sazandalaryň, belli döredijilik toparlarynyň çykyşlary girizildi.

Giňden tanalýan aýdymçylar türk kompozitorlarynyň eserlerini ussatlyk bilen ýerine ýetirerler. Şeýle hem Ankaranyň döwlet döwrebap tans toparynyň çykyşlary hem guralar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň wekiliýeti Sankt-Peterburgdaky halkara medeniýet forumyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

34 harply türki dünýäsiniň umumy elipbiýi dörediler

Türkmen döredijilik topary GDA-nyň ýaşlar simfoniki orkestriniň konsertine gatnaşar

Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi

8-nji sentýabrda sirk tomaşasyny görmäge geliň!

6-8-nji sentýabry aralygynda ýurdumyzyň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary