JEMGYÝET

Türkiýäniň Prezidentiniň orunbasary Türkmenistana geldi

Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaý Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada geldi.

Hormatly myhmany Aşgabadyň halkara howa menzilinde Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Begenç Goçmollaýew, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral we beýleki adamlar garşy aldy.

Fuat Oktaý 2-nji iýula çenli dowam edýän saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Atdaýew bilen duşuşar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisine gatnaşjak Fuat Oktaý çykyş eder we toparyň ähtnamasynyň gol çekişligine gatnaşar.

Şeýle hem Fuat Oktaý Türkiýäniň Daşary ykdysady gatnaşyklar geňeşi (DEIK) tarapyndan geçirilýän türkmen-türk işewürler forumyna we forumyň çäklerinde gol çekiljek ikitaraplaýyn şertnamalaryň dabaralaryna gatnaşar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň orunbasary Fuat Oktaýy kabul etmegine garaşylýar.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/turkmenistanyn-parlament-wekiliyeti-azerbayjanda-geplesikler-gecirdi/

Ýene-de okaň

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi

Türkmen halkynyň Milli Lideri ahalteke bedewleriniň hytaýly muşdaklary bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri

Hytaýly atşynaslar Türkmen bedewiniň milli baýramyna çagyryldy

Dünýä liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza baýramy bilen gutlaýarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy bilen gutlady