12-nji martda Ankarada Prezident köşgünde BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe Atatürk adyndaky Halkara parahatçylyk baýragyny gowşuryş dabarasy boldy.
Bütindünýä guramasynyň ýolbaşçysyna baýragy Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan gowşurdy.

Dabarada çykyş eden Ärdogan: Türkiýe BMG-niň esasy gymmatlyklarynyň iň işjeň goldawçylarynyň biridir. Ankara gapma-garşylyklara ýol bermezlik üçin bu gurama bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirýär» diýip, belledi.
Rejep Taýyp Ärdogan, şeýle hem Halkara baýragyň «sebitde we dünýäde parahatçylygyň pugtalandyrylmagyna ýol açjakdygyna» umyt bildirdi.
